Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

DiKaprio, Duglas we Kluni: BMG-nyň Baş assambleýasynda näme diýdiler?


Leonardo DiKaprio we Maýkl Duglas BMG-nyň Baş assambleýasynda, Nýu-Ýork, 2016-njy ýyl
Leonardo DiKaprio we Maýkl Duglas BMG-nyň Baş assambleýasynda, Nýu-Ýork, 2016-njy ýyl

Nýu-Ýorkda ýyllyk syýasy çykyşlar başlaýar

20-nji sentýabrda, 40 ýurduň wekili bosgunlara we migrantlara edilmeli kömekler barasynda täze teklipleriň iljinji tapgyryny hödürlediler.

26-njy sentýabrda 135 ýurduň döwlet we hökümet ýolbaşçysy, şol sanda onlarça ministr Ist-Riwerdäki jaýda global krizis, Siriýa konflikti, yslam ekstremistleriniň hüjümleri, uruşdan gaçan millionlarça bosgun we açlyk barada çykyş edip, dürli gepleşikler geçirerler.

BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun we ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 71-ni Baş assambleýada iň soňky gezek çykyş ederler. BMG hemişe diýen ýaly halkara köpçüligiň ünsüni giň gerimde özüne çekmek üçin tanymallary, howp abandyrýan global problemalar barasynda çagyryş edýän dünýäniň ilçileri höküminde saýlap alýar.

BMG-nyň 71-nji Baş assambleýasynyň resmi açylyşy 13-nji sentýabrda amala aşyrylypdy. Şu çaka çenli eýýäm aktýorlar Leonardo DiKaprio we Maýkl Duglas, aýdymçy Stiwi Uander hem-de tanymal aklawçy Amal Kluni (Jorj Kluniniň aýaly) dagy çykyş edipdirler.

Leonardo DiKaprio we bütindünýä sil betbagtçylygy

Leonardo DiKaprio BMG-nyň baş assambleýasynda, 2016-njy ýylyň 16-njy sentýabry
Leonardo DiKaprio BMG-nyň baş assambleýasynda, 2016-njy ýylyň 16-njy sentýabry

DiKaprio 2014-nji ýylda daşky gurşawy goramak barasynda BMG-nyň bütindünýä ilçisi saýlanypdy. Ol şol ýyl Baş assambleýada çykyş edip, özüniň howanyň global ýylamagy babatda surata düşürilen “Siliň bosagasynda” (Before the Flood) atly dokumental filmini görkezipdir.

Onuň dokumental kinofilmi 21-nji oktýabrda halk köpçüligine hödürlener.

Ol: “Biz gaty köp wagtlap garaşdyk we eýýäm munyň netijesinde gaty köp heläkçilige duçar bolýarys. Ýöne men daşky gurşaw problemasynyň çözülmegi üçin tagalla edýän studentler, dünýä liderleri, işewürler, dini ýolbaşçylar, şeýle-de ata-eneler tarapyndan ekilen dünýäniň tohumyny görýärin. Hut şeýle tagalla we herekete biz berk yananyp, geljege umyt bilen garamalydyrys” diýipdi.

Maýkl Duglas we ýaragsyzlanmak

Maýkl Duglas BMG-nyň Baş assambleýasynda, Nýu-Ýork, 2016-njy ýylyň 16-njy sentýabry
Maýkl Duglas BMG-nyň Baş assambleýasynda, Nýu-Ýork, 2016-njy ýylyň 16-njy sentýabry

Tanymal aktýor ýadro ýaragsyzlanmagy we bikanun ýarag söwdasyndan ýüz öwrülmegi barasynda diýseň erjel çykyş edýär. Duglas eýýäm 1998-nji ýyldan bäri BMG-nyň bütindünýä ilçisi hökmünde çykyş edip gelýär we halkara köpçülige BMG-nyň tagallalaryny jar edýär.

Ol 16-njy sentýabrda Baş assambleýada eden çykyşynda, döwrebap dünýäniň aşa ýaraglanandygy sebäpli durnuksyzlygyň we howplaryň höküm sürýändigini nygtapdy. Ol: “Ýaragsyzlanmak - has howpsuz we durnukly, parahat, abadançylykly, şeýle-de has adalatly hem asuda dünýäniň döredilmeginde esasy çözgüt bolup durýandyr” diýipdi.

Amal Kluni we “YD”

Amal Kluni we onuň müşderisi Nadýa Murad, BMG-nyň Baş assambleýasynda, Nýu-Ýork, 2016-njy ýylyň 16-njy sentýabry
Amal Kluni we onuň müşderisi Nadýa Murad, BMG-nyň Baş assambleýasynda, Nýu-Ýork, 2016-njy ýylyň 16-njy sentýabry

Britaniýaly tanymal aklawçy Amal Kluni, ýagny meşhur “Hollywood” aktýory Jorj Kluniniň aýaly BMG-nyň Bas assambleýasynda eden çykyşynda, Gaga kazyýetine hödürlenmegi üçin “Yslam döwleti” toparynyň jenaýatlary barasynda delilnamalaryň jemlenmegini teklip edipdir.

Kluni BMG-nyň Baş assambleýasyna 23 ýaşyndaky Nadýa Murad atly öz müşderisi bilen bilelikde gatnaşypdy. Ol zenan kürtleriň ýezid diýen toparyna wekilçilik edipdir. Ol gyz 2014-nji ýylda “YD” toparynyň söweşijileriniň ejesi hem alty erkek doganyny öldürmeginden soňra, olaryň jynsy gatnaşyk üçin ulanylýan gul-gyrnagyna öwrülipdir. Kluni “YD” toparynyň bombalanmaly däldigini, gaýtam olaryň edýän “elhençlikleri we korrupsiýasy” üçin, sud jogapkärçiligine çekilmelidigini aýdypdyr.

Ol: “Toparyň söweşijileriniň bombalanmagy, gaýtam olaryň adamlaryň aňyny özgertmek üçin, geljekde alyp barjak propaganda tagallalaryna bähbitli bolar. “YD” belki, başga at bilen täzeden döräp biler” diýip çykyş edipdi.

Stiwi Uander we şikeslileriň meseleleri

Leonardo Dikaprio we Stiwi Uander BMG-nyň Baş assambleýasynda, Nýu-Ýork, 2016-njy ýylyň 16-njy sentýabry
Leonardo Dikaprio we Stiwi Uander BMG-nyň Baş assambleýasynda, Nýu-Ýork, 2016-njy ýylyň 16-njy sentýabry

Tanymal kör aýdymçy baryp 2009-njy ýylda BMG-nyň bütindünýä ilçisi saýlanypdyr. Ol Marrakeş şertnamasynyň durmuşa geçirilişi barasyndaky tagallalaryň belli bir bölegine garaýar. 2013-nji ýylda gol çekilen ol şertnama awtorlyk haky baradaky halkara şertnamalaryň bir bölegi hasaplanýar. Şertnamanyň esasy wezipesi – kör bolan şikeslilere çap edilýän metbugat serişdeleriniň elýeteriligini ýola goýmakdyr.

BMG-nyň 71-nji Baş assambleýasynda çykyş eden Uander öz ejesi barada söz açyp, özüniň kör bolany sebäpli maşgalasynyň çeken jebir-jepalaryny gürrüň beripdir. Uander hemişe öz ejesine, aslynda Hudaýyň özüne görmekden has beýik ukyby sowgat edendigini ýatladyp durupdyr.

Ol: “Siz diňe ýagşylyk eden mahalyňyz, dünýäniň ýazgydyny üýtgedip bilersiňiz. Hemme zatdan owal öz maşgalaňyzy söýüň. Öz akylyňyz, ruhuňyz we bedeniňiz üçin alada ediň. Dünýäniň ugruny ýagşylyga tarap üýtgetmek üçin, Hudaýyň size bagyş eden ukybyndan peýdalanyň” diýpdir.

XS
SM
MD
LG