Sepleriň elýeterliligi

Owgan hökümeti radikal 'Hezb-e Islami' bilen ylalaşyk baglaşdy


"Hezb-e Islami" söweşiji toparyň lideri Gulbuddin Hekmatýar

"Hezb-e Islami" söweşiji toparyň lideri Gulbuddin Hekmatýar

Owgan hökümeti gazaplylygy bilen ýakasyny tanadan meýdan komandiri Gulbuddin Hekmatiýaryň ýolbaşçylygyndaky söweşiji topar "Hezb-e Islami" bilen parahatçylyk ylalaşygyna gol çekdi.

22-nji sentýabrda Kabulda Parahatçylyk boýunça ýokary geňeşiň edarasynda gol çekilen ylalaşyk prezident Aşraf Ghaniniň we Hekmatiýaryň gol goýmagyndan soň güýje girer.

Owgan mediasyna görä, ylalaşyk Hekmatiýaryň geçmişdäki hüjümleriniň amnistiýa edilmegine we “Hezb-e Islami” toparynyň tussaglykdaky käbir agzalarynyň boşadylmagyny güwä geçýär.

Şeýle-de hökümet Hekmatiýara garşy halkara sanksiýalarynyň aradan aýrylmagy üçin basyş etmegi wada berdi.

Owganystanyň häkimiýetleriniň iň radikal söweşiji topar bilen uzak wagtyň dowamynda geçirilen gepleşiklerine owgan hökümetinde birnäçe şübheli garaýyşlar öňe sürülipdi.

Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler adam hukuklarynyň depelenmegi bilen bagly Hekmatiýara garşy öňe sürülýän aýyplamalaryň geljegine aladalanma bildirýärler. Hekmatiýar 1990-njy ýyllaryň graždan urşy döwründe ýüze çykan iň aýylganç wakalara jogapkärdi.

Kabul “Hezb-e Islami” topary bilen ylalaşygyň “Talybanyň” gozgalaňçy hereketlerinden el çekip, syýasy prosese goşulmagyna itergi bolmagyna garaşýar.

XS
SM
MD
LG