Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet, ABŞ Siriýadaky hüjümde bir-birini aýyplaýar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (ç) we Orsyýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (s), Ženewa, 9-njy sentýabr, 2016.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (ç) we Orsyýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (s), Ženewa, 9-njy sentýabr, 2016.

Orsýet we ABŞ Siriýada ynsanperwer kerwenine howadan edilen hüjümler bilen baglylykda bir-birini aýypladylar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Siriýanyň demirgazygynyň käbir böleklerinde uçuşdan azat zonalaryny döretmäge çagyrdy.

Ak Tam 19-njy sentýabrda onlarça adamyň ölümine we gabawdaky Aleppo şäherine ynsanperwer kömeginiň kesilmegine sebäp bolan howa hüjümlerinde Orsýeti açyk aýyplady.

ABŞ-nyň resmileri Orsýetiň iki sany Su-24 uçarynyň hüjümiň bolan wagtynda kömek ýüklerini alyp barýan kerweniň üstünde asmanda bolandygyny aýtdylar.

Moskwa bu aýyplamalary gahar-gazap bilen ret etdi we kerweniň golaýynda ABŞ-nyň sürüjisiz uçarynyň bolandygyny görkezýän subutnamalary öňe sürdi.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde eden çykyşynda Orsýetiň we ABŞ-nyň mundan beýläk “birtaraplaýyn ýaraşyklara” gatnaşmajagyny aýtdy we Siriýanyň režimine garşy söweşýän oppozision toparlaryň mundan öz pozisiýalaryny güýçlendirmek üçin ulanýandygyny aýtdy.

21-nji sentýabrda BMG Siriýada kömek daşaýan kerwene edilen hüjüm sebäpli ýatyran ynsanperwer kömegini dikeltmäge taýýarlanýandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG