Sepleriň elýeterliligi

'Facebook' ulgamynyň eýesi ylyma 3 milliard dollary sarp etmegi wada berdi


Mark Zukerburg we onuň aýaly Prisilla Çan, Kaliforniýa, ABŞ.

Mark Zukerburg we onuň aýaly Prisilla Çan, Kaliforniýa, ABŞ.

"Facebook" sosial ulgamyny esaslandyran Mark Zukerburg we onuň aýaly Prisilla Çan indiki on ýylyň dowamynda dünýäde keselleri bejermek üçin barlaglara üç milliard dollar möçberde pul ýatyrmagy wada berdiler.

Mark Zukerburg we onuň aýaly Prisilla Çan şeýle beýannama bilen 21-nji sentýabrda San Fransiskoda çykyş etdiler.

Geçen ýylda Zukerburg we Çan “adamzadyň mümkinçiliklerini we deňligi öňe sürmek” üçin "Facebook' emläginden gelýän girdejilerinden 45 milliard dollary sarp etmegi wada beripdi.

Olar bu barada gyzy Maksyň dünýä inmeginiň yzýany yglan edipdi.

Maýa goýumlaryň 600 million dollardan ybarat birinji bölegi San Fransiskoda bio-ylymlar merkeziniň döredilmegi üçin sarp ediler.

XS
SM
MD
LG