Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Dikuçar heläkçiliginde üç adam wepat boldy


Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrliginiň işgärleri dikuçaryň gaçan ýerinde gözleg işlerini geçirýärler, Moskwa regionynyň Lýuberetskiý etraby, 22-nji sentýabr, 2016.

Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrliginiň işgärleri dikuçaryň gaçan ýerinde gözleg işlerini geçirýärler, Moskwa regionynyň Lýuberetskiý etraby, 22-nji sentýabr, 2016.

Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligi öz dikuçarlarynyň biriniň Moskwanyň golaýynda heläkçilige uçrap, üç pilotyň wepat bolandygyny aýtdy.

Ministrligiň aýtmagyna görä, Mi-8 kysymly dikuçar 21-nji sentýabrda türgenleşikleriň dowamynda heläkçilige uçrapdyr.

22-nji sentýabrda awiasiýa resmilerine salgylanmak bilen berlen media maglumatlarynda habar berilişine görä, geçen gije dikuçaryň galyndylarynyň arasynda tapylan ses ýazyjy gural Awiasiýa agentligine barlaglar üçin tabşyrylypdyr.

Mi-8 dikuçary Orsýetde we postsowet giňişliginde harby we graždan çäreleri üçin ulanylýar.

Mi-8 kysymly dikuçarynyň gatnaşmagyndaky soňky heläkçilige zerur tehniki şertleriň berjaý edilmezliginiň we howpsuzlyk düzgünleriniň ýerine ýetirilmändiginiň sebäp bolandygy aýdylypdy.

XS
SM
MD
LG