Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Demirgazyk Karolinada zorluk dowam edýär


Şarlotta şäheri, ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina ştaty, 21-nji sentýabr, 2016.

Şarlotta şäheri, ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina ştaty, 21-nji sentýabr, 2016.

ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina ştatynyň iň uly şäherinde tapgyr ikinji gije zorluk dowam etdi. Garaýagyz adamyň polisiýa tarapyndan atylyp öldürilmeginiň yzýany dörän çykyşlarda ýüzlerçe protestçi polisiýa bilen çaknyşdy.

Demirgazyk Karolinanyň häkimi Şarlotta şäherinde adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi we milli gwardiýadan hem harbylardan tertip-düzgüni ýola goýmakda ýardam sorady.

Tertipsizlikleriň emele gelmegine 20-nji sentýabrda ABŞ-nyň şäherlerinde başlanan soňky atyşyklar sebäp boldy. Bu ýagdaý jyns, garyplyk we syýasy gatnaşyklarlar bilen bagly närazylyklary we çekeleşikleri tutaşdyrdy.

21-nji sentýabrda Şarlotte şäheriniň köçelerinde ýüzlerçe adamyň gatnaşmagynda geçirilen ýörişiň dowamyndaky ok atyşykda bir adam agyr ýaralandy. Gözi ýaşardýan gazy we tüsseli granatalary ulanan şäher polisiýasy özüniň jogapkär däldigini aýtdy.

Şondan bir ir gün ozal köçe polisiýasynyň we demonstrantlaryň arasynda bolan çaknyşykda azyndan 16 polisiýa ofiseri ýaralanypdy.

Polisiýa 43 ýaşly Keith Skottyň ýaragly bolup, polisiýanyň duýduryşyna gulak asmandygyny aýtdy. Emma Skottyň maşgalasy onuň elinde ýaragyň däl-de kitabyň bolandygyny aýdýar.

Bu zorluk ABŞ-nyň kanun goraýjylarynyň jynsy adalatsyzlygy barada soragy gozgan nobatdaky waka boldy.

XS
SM
MD
LG