Sepleriň elýeterliligi

Owgan hökümeti söweşiji topar bilen ylalaşyk baglaşdy


Gulbuddin Hekmatiýaryň wekili Mohammad Amin Karim (s), Owganystanyň hökümetiniň Parahatçylyk geňeşiniň başlygy Sayed Ahmad Gilani (ç), Kabul, 22-ji sentýabr, 2016.

Gulbuddin Hekmatiýaryň wekili Mohammad Amin Karim (s), Owganystanyň hökümetiniň Parahatçylyk geňeşiniň başlygy Sayed Ahmad Gilani (ç), Kabul, 22-ji sentýabr, 2016.

Owgan hökümeti gazaplylygy bilen ýakasyny tanadan meýdan komandiri Gulbuddin Hekmatiýaryň ýolbaşçylygyndaky söweşiji topar Hezb-e Islami bilen parahatçylyk ylalaşygyna gol çekdi.

Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler adam hukuklarynyň depelenmeginde günälenýän Hekmatiýar bilen ylalaşygy tankyt edýärkä, Kabul “Hezb-e Islami” topary bilen ylalaşygyň “Talybanyň” gozgalaňçy hereketlerinden el çekip, syýasy prosese goşulmagyna itergi bolmagyna garaşýar.

Hekmatiýar 1990-njy ýyllaryň graždan urşy döwründe ýüze çykan iň aýylganç wakalara jogapkärdi.

Azatlyk Radiosynyň Owganystandaky habarçysy Şamerdanguly Myradynyň maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň:

XS
SM
MD
LG