Sepleriň elýeterliligi

Özbegistan: Azatlyk Radiosynyň žurnalistleriniň maşgalalaryna basyş edilýär


Özbegistanyň baýdagy

Özbegistanyň baýdagy

Azatlyk Radiosynyň žurnalistiniň doganynyň üstünden neşe bilen baglanyşykly aýplamalar bilen 8 ýyl türme tussaglygy barada çykarylan karary şu hepde Özbegistanyň bir sudy tassyklady. Žurnalistleriň ýazýan habarlary sebäpli olardan öç almak üçin indi garyndaşlary nyşana alynýana meňzeýär. Bu iş Özbegistanda ozal hem edilmedik däl.

Ýurduň günorta Fergana jülgesinde ýerleşýän Fergana appelýasiýa sudy 20-nji sentýabrda Aziz Ýusupowyň şikaýatyny ret etdi. Onuň ejesiniň aýtmagyna görä, 15 mintuda çeken sessiýa hiç bir şaýat çagyrylmandyr. Awgust aýynda geçen esasy diňlenişikde-de ne bir şaýat görkezme berdi, ne-de Ýusupowa bildirilýän günäleri tassyklaýan subutnama görkezildi.

Özbegistanda neşe bilen baglanyşykly aýyplamalar garaşsyz žurnalistleriň, adam hukuklaryny gorap çykyş edýänleriň we hökümeti tankytlaýan beýleki adamlaryň garşysyna ýygy-ýygydan ulanylýar.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň prezidenti Thomas Kent kararyň ýurda uzak wagtlap ýolbaşýylyk eden Yslam Kerimow ölüp, Şawkat Mirziýaýewyň wagtlaýyn prezident bellenmeginiň üstünde iki hepde geçip-geçmänkä çykarylandygyna salgylanyp: "Biziň žurnalistlerimiziň maşgala agzalaryna hüjüm edilmegini, bizi gorkuzmaga ýa dymdyrmaga edilen her bir synanyşygy Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň berk ýazgarýandygyny Özbegistanyň täze ýolbaşçylary bilmelidir" diýdi.

Žurnalistleriň hukuklaryny goraýan “Serhetsiz Reportýorlar” guramasy Ýusupow höküm edileninde çykaran beýannamasynda oňa bildirilýän aýyplamalary "galplaşdyrylan", "galan sanlyja garaşsyz žurnalistleri yzarlamak işini güýçlendirmek üçin" häkimiýetleriň edýän synanyşygy diýip häsiýetlendirdi.

Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň Özbek gullugynyň beýleki agzalaryny we olaryň garyndaşlaryny hem soňky wagtlarda gorkuzmak üçin dürli ýollara ýüz uruldy. Awgust aýynda bir işgäriň Daşkendäki kwartirasyny Öbegistanyň milli howpsuzlyk gullugynyň agentleri aldylar. Ýene bir işgäre eger Azatlyk radiosyna işlemegini dowam etdirse, doganynyň kyn ýagdaýa düşjekdigi aýdylyp, duýduryş berildi. Häkimiýetler Azatlyk Radiosynyň işgärleriniň maşgala agzalaryny olaryň žurnalistik işi hakda soraga çekipdirler. Ençeme halatda hem olaryň ýurdy terk etmek üçin beren wiza arzasy ret edilipdir.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy

Özbegistanda ýerli halk tarapyndan Ozodlik diýip tanalýan we işlerini Pragadan alyp barýan Azatlyk Radiosy 2005-nji ýylda Andijonda bolan gyrgynçylykdan soňra özüniň Daşkendäki býurosyny ýapmaga mejbur boldy. Ozodlik dowamly innowasiýa we ýerli çeşmeleriň giň gerimli ulgamyna daýanyp, diňleýjiler bilen iş salyşmak bilen dünýäniň iň bir ýapyk jemgyýetleriniň birinden habar taýýarlaýar. Hökümetiň böwetlemek üçin edýän synanyşyklaryna garamazdan Özbek gullugynyň websaýtyna aýda ortaça hasap bilen 2 million adam girýär. Prezident Kerimowyň ölen hepdesiniň dowamynda (28-nji awgust bilen 4-nji sentýabryň aralygynda) saýta 6.5 million adam girdi, sosial mediada bu san 5.1 milliona ýetdi. Şeýle hem gullugyň "ÝouTube" saýtyndaky wideolaryna 5.5 million gezek tomaşa edildi.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy hususy, garaşsyz halkara habar guramasy. Onuň radio, internet, telewideniýe we mobiliň üsti bilen berýän programmalary 23 ýurtda, şol sanda Orsýetde, Eýranda, Owganystanda, Pakistanda, Orta Aziýa respublikalarynda we Kawkazda täsirli diňleýjilere ýetýär. Ol Broadcasting Board of Governors (BBG) edarasy arkaly Birleşen Ştatlaryň Kongresi tarapyndan maliýeleşdirilýär

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG