Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Siriýa: Parahatçylyk gepleşikleri netije bermedi


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri

Russiýa bilen ABŞ Nýu-Ýorkda geçirilen ýokary derejeli duşuşykda Siriýadaky krizis boýunça umumy ylalaşyga gelmegi başarmadylar. Bu aralykda Siriýanyň hökümeti jeňçileriň gözegçiligindäki Aleppo şäherine hüjümleri amala aşyryp başlandygyny mälim etdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Siriýa hemaýat beriji halkara toparynyň duşuşygyndan soň Waşingtonyň Siriýadaky bäş ýyl bäri dowam edýän kirzisiň soňuna çykmak üçin parahatçylyk we syýasy geçiş ugrundaky tagallalaryny dowam etdirjekdigini aýtdy.

Kerri munuň durmuşa geçip bilmegi üçin Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hökümetiniň we onuň ýarany Russiýanyň “öz üstüne düşýän borçlaryny” berjaý etmelidigini hem sözüne goşdy.

“Eger-de ruslar konstruktiw teklipler bilen gelseler, biz olary gözden geçireris” diýip, Kerri duşuşykdan soň aýtdy. Bu duşuşyga Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, şeýle-de Ýewropanyň we Arap döwletleriniň ýokary derejeli diplomatlary hem gatnaşdylar.

Bu aralykda, söweş uçarlarynyň jeňçileriň elindäki Aleppo şäherine hüjümleri amala aşyrýandygy habar berilýär.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklary boýunça gözegçi topary 23-nji sentýabrda ir bilen Alepponyň töwereklerine azyndan 30 howa zarbasynyň edilendigini habar berdi.

Siriýanyň armiýasy 22-nji sentýabr güni giçlik Allepodaky jeňçilere garşy täze hüjümlere başlaýandygyny mälim etdi. Hökümetiň harbylaryna rus harby howa güýçleri ýardam berýär.

XS
SM
MD
LG