Sepleriň elýeterliligi

Yahoo: hüjümi “döwletiň maliýeleşdirilýän topary” etdi


Yahoo

Yahoo

Yahoo internet kompaniýasy 2014-nji ýylda özüniň 500 million ulanyjysynyň şahsy maglumatlarynyň ogurlygy “döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän topar” tarapyndan amala aşyrylyp bilnendigini aýdýar.

Kompaniýa içerki derňewiň netijesinde “belli-belli adamlaryň maglumatlarynyň ogurlanandygyny” we munuň “döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän topar tarapyndan amala aşyrylandygyny” mälim etdi.

Atlandyrylmasyzlygyny soran ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň resmileri bu haker hüjümleriniň Russiýanyň aňtaw gulluklarynyň ýa-da olaryň görkezmesi esasynda hereket edýän haker toparlarynyň amala aşyran ozalky hüjümlerine çalym edýändigini aýtdylar.

Yahoo bu mesele boýunça hukuk goraýjy gulluklar bilen işleşýändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG