Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz prezidenti bejergi üçin Moskwa bardy


Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew ýürek näsazlygy diýlip çaklanylýan hassalygyndan bejergi almak üçin Moskwanyň keselhanasyna bardy.

Prezidentiň metbugat gullugynyň berýän maglumatyna görä, Atambaýew anna güni irden Moskwanyň Merkezi keselhanasyna ýerleşdirilipdir. Gyrgyz liderine Kremliň lukmanlarynyň gözegçilik etjekdigi aýdylýar.

Atambaýew uçuş mahaly döşündäki dörän agyrlar sebäpli, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkdaky sammitine etmeli saparyny ýatyrypdy.

Mundan bir hepde ozal, prezidentiň edarasy Atambaýewiň 1-nji oktýabrdan öň işe çykmagyna garaşylmaýandygyny mälim edipdi.

XS
SM
MD
LG