Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa: YD goşulmakda aýyplanýan talybyň tussaglyk möhleti uzaldyldy


“Yslam döwleti” terroristik toparyna goşulmakçy bolmakda aýyplanýan talyp
“Yslam döwleti” terroristik toparyna goşulmakçy bolmakda aýyplanýan talyp

Moskwanyň sudy Siriýadaky “Yslam döwleti” terroristik toparyna goşulmakçy bolmakda aýyplanýan Moskwanyň döwlet uniwersitetiniň talybynyň deslapky tussaghanadaky möhletini uzaltdy.

Moskwanyň etrap harby sudy 20 ýaşly Aleksandra Iwanowanyň 13-nji dekabra çenli tussaglykda saklanmalydygy barada karar çykardy. Iwanowa geçen ýylyň iýunynda Türkiýäniň üsti bilen Siriýa geçmekçi bolanda ele salnypdyr.

Iwanowanyň sud diňlenişigi 5-nji oktýabrda başlanmaly.

Onuň aklawçylary öz müşderileriniň hiç haçan “Yslam döwletine” goşulmak niýetiniň bolmandygyny öňe sürýärler.

XS
SM
MD
LG