Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Olary diri görkeziň!': Adamyň dirilik we ölüm meselesidir


“Demokratik ösüş we adam hukuklary boýunça merkeziň” başlygy Ýuriý Jibladze.
“Demokratik ösüş we adam hukuklary boýunça merkeziň” başlygy Ýuriý Jibladze.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň adamkärçilik ölçegleri boýunça ýyllyk konferensiýasynyň çäginde, Türkmenistanda adam hukuklary problemasyna üns berlen maslahatlaryň biri 21-nji sentýabrda adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň “Olary diri görkeziň!” atly halkara kampaniýasynyň guramaçylygynda geçirildi.

Türkmenistanyň türmelerinde dereksiz ýiten adamlaryň ykbaly barada resmileriň maglumat bermegini talap edýän bu halkara kampaniýasy şu günki güne çenli toplan täze maglumatlaryny köpçülige hödürledi.

Azatlyk Radiosy kampaniýanyň guramaçylarynyň biri “Demokratik ösüş we adam hukuklary boýunça merkeziň” başlygy Ýuriý Jibladze bilen söhbetdeş bolup, maslahatda gozgalan meseleler, türkmen türmelerinde ýitirim bolanlaryň ykbalyna degişli soňky maglumatlar Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň resmileriniň halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlygynyň depgini barada gürrüň bermegi sorady.

Azatlyk Radiosy: Ýuriý, Türkmenistanyň türmelerinde ýitirim bolan adamlaryň ykbalyny anyklamak boýunça tagallalara bagyşlanyp, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan geçirilen maslahata Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň resmileri gatnaşdymy?

Ýuriý Jibladze: “Olary diri görkeziň!” atly halkara jemgyýetçilik kampaniýasynyň geçiren maslahatyna, gynansak-da, türkmen delegasiýasynyň wekilleri gatnaşmady. Türkmen delegasiýasynyň ýolbaşçysy Wepa Hajyýew şu ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşigi bilen adam hukuklary boýunça ýyllyk dialogyň çäginde geçirilen duşuşykda, Türkmenistanyň hökümete degişli bolmadyk guramalary bilen duşuşmaga taýýardygyny aýdypdy. Muňa garamazdan, biziň türkmen resmilerine hökümete degişli bolmadyk guramalar bilen duşuşmagy sorap ýollan ýüzlenmelerimize we Ýewropa Bileleşiginiň haýyş etmegine garamazdan, türkmen delegasiýasy bilen duşuşyp bolmady. Meniň pikirimçe, türkmen resmileri özlerine beriljek takyk soraglara açyk jogap bermäge taýýar däl bolara çemeli.

Biziň maslahatymyza ÝHHG-niň beýleki ýurtlarynyň we iri halkara guramalarynyň resmileri gatnaşdylar. ABŞ-nyň, Kanadanyň, Gollandiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Finlýandiýanyň, Norwegiýanyň we ýene ençeme ýurduň resmi toparlary, şeýle-de ÝHHG-niň resmileri gatnaşdylar.

Azatlyk Radiosy: Ýuriý, siz türkmen hökümetine nähili soraglary bererdiňiz?

Ýuriý Jibladze: Bu biziň soňky ýyllarda orta atyp gelýän sowallarymyzdyr. Biz öz sanawymyzda görkezilen her bir adam barada dessine maglumat berilmegini soraýarys. Türkmenistanda tussaglykda dereksiz ýitenler baradaky sanawymyzda edil şu günki gün 88 adamyň ady görkezilýär. Bu diňe jikme-jik barlanyp, tassyklanan wakalaryň sany. Türkmen türmelerinde dereksiz ýiten adamlaryň hakyky sanynyň mundan has köp, hatda 200 adama golaý bolmagy çak edilýär. Olar dirimi? Diri bolsa, ýagdaýy nähili? Bu maglumatlar Brussele, syr hökmünde ýapyk maglumat görnüşinde gizlin ýollardan berilmän, köpçülige açyk aýan edilmeli.

Biz tussaglaryň işlerine Türkmenistanyň täze Jenaýat kodeksine laýyklykda gaýtadan seredilmegine we türmelere halkara synçylarynyň goýberilmegine degişli soraglary orta atýarys. Şeýle-de, biz tussaglykdaky adamlaryň köpüsi ynsanperwer sebäplere görä, boşadylmaly diýip hasap edýäris. Sebäbi 13-14 ýyllyk tussaglykdan soň olaryň diri galan ýagdaýynda-da halynyň agyrdygyny göz öňüne getirmek mümkin. Üstesine, soňky dokuz aýyň dowamynda bolan wakalary hasaba alsak, sanawymyzdan üç adamyň ölümi bu meseläniň çözgüdüni mundan beýläk uzaga çekip bolmajagyny görkezdi. Bu hakykatda adamyň dirilik we ölüm meselesidir.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan ÝHHG-niň adam ölçegleri boýunça ýyllyk maslahatyna iki ýyl bäri öz resmilerini iberýär. Türkmen delegasiýasynyň başlygy Wepa Hajyýew bu çärede 20-nji sentýabrda eden çykyşynda Türkmenistanyň “Olary diri görkeziň” atly kampaniýaňyzyň sanawynda görkezilen tussaglaryň ýarysy barada hasabat berendigini aýtdy. Bu hasabat kime berildi, tussaglaryň ykbaly anyklaşdyryldymy?

Ýuriý Jibladze: Hajyýewiň çykyşyndan örän göwnümiz galdy. Sebäbi golaýda türkmen häkimiýetleriniň real problemalar boýunça belli bir derejede açyş dialoga taýýardygyna umyt döräp başlapdy.

Men muny näme üçin aýdýaryn, sebäbi 2015-nji ýylda türkmen hökümeti ÝB bilen adam hukuklary boýunça dialogynda, biziň sanawymyza jogap hökmünde öz sanawyny hödürläpdi. Emma türkmen resmileriniň 49 adamdan ybarat şol sanawynda biziň sanawymyzdaky diňe iki adamyň ady bardy. Olaryň sanawda görkezen beýleki tussaglary hiç wagtda ýitirim bolmadyk bendilerdi. Şeýlelikde, türkmen häkimiýetleri ÝB-ne ýalňyş maglumat bermäge synanyşdylar. Üstesine, maglumat gizlinlik ýagdaýynda berlip, türkmen tarapy onuň aýan edilmezligini sorapdy. Emma bu ýaşyryp bolmajak bir fakt bolansoň, mesele açyk maslahat edildi.

Türkmen häkimiýetleri bu hereketini ÝB bilen adam hukuklary boýunça şu ýylky dialogynda gaýtalamady. Maý aýynda türkmen resmileri biziň sanawymyzda görkezilen bäş adam barada maglumat berdiler, biz häzir maglumatlary barlaýarys. Olar biziň sanawymyzdaky hakyky adamlar. Şeýlelikde, 88 adamdan ybarat sanawymyzdan geçen ýyl iki adam we şu ýyl bäş adam, jemi ýedi adam barada türkmen häkimiýetleri maglumat berdiler. Emma şeýle minimal öňegidişlikden soň Hajyýew 20-nji sentýabrda Warşawada ýene-de geçen ýylky ýalňyş maglumatyny gaýtalady.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan tarapyndan berlen resmi maglumatdaky ýedi adam kimler we olar dirimi?

Ýuriý Jibladze: Biz muny täzelenen hasabatymyzda habar bereris. Ony ýakyn günlerde kampaniýamyzyň websaýtynda görüp bolar. Türkmen häkimiýetleri şol adamlaryň diridigini aýdýarlar. Käbiriniň amnistiýa edilendigini, beýlekileriň türmeden çäklendirilen ýaşaýyş zolaklaryna geçirilendigini, olaryň garyndaşlary bilen gatnaşyk saklaýandygyny, biriniň bolsa hiç wagtda tussaglyga höküm edilmändigini aýdýarlar. Ýene iki adamyň tussaglykda galýandygyny aýtdylar, emma nirede saklanýandygyny mälim etmediler. Ýöne olaryň arasynda 2002-nji ýylyň noýabr wakalaryna gatnaşykda aýyplanyp tussag edilenler ýok, olar başga işler boýunça iş kesilen adamlar.

'Olary diri görkeziň!': Adamyň dirilik we ölüm meselesidir
please wait

No media source currently available

0:00 0:05:34 0:00

XS
SM
MD
LG