Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow ýene bir medal bilen sylaglandy


Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki geňeşinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara sport metbugaty assosiasiýasynyň Aziýa sport metbugaty birleşiginiň «ýokary derejeli altyn medaly» bilen sylaglandy.

Türkmen metbugaty 23-nji sentýabrda geçirilen mejlise Aziýa sport metbugaty birleşiginiň başlygy Mohammad Kasymyň hem çagyrylandygyny habar berýär.

Myhman bu medalyň türkmen prezidentine «halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge goşan uly goşandy üçin» berilýändigini aýtdy.

Mohammad Kasym, resmi maglumata görä, «Türkmenistanyň döwlet baştutanynyň ýolbaşçylygynda diňe sport we habar beriş serişdeleri ulgamynda däl, eýsem durmuş-ykdysady ösüşiniň ähli ugurlarynda ägirt uly üstünlikleriň gazanylandygyny» belläpdir.

Kasym Aşgabatda Aziýanyň Sport žurnalistleriniň gününe hem-de ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça bäşinji Aziýa oýunlaryny wagyz etmäge bagyşlanan sport-media forumyny guramakda beren goldawy üçin hem prezidente minnetdarlygyny bildirdi.

Prezident Berdimuhamedow özüne berlen sylag üçin minnetdarlyk bildirip, myhmanyň Türkmenistanda «sport babatda örän köp işleriň amala aşyrylýandygy» barada aýdanlaryny tassyklady:

"Şu gün siziň gowşuran bu ýokary derejeli nyşanyňyz, altyn medal şu günki gün bütin dünýäde Türkmenistanyň edýän işiniň ykrar edilýändiginiň hem aýdyň subutnamasydyr hem şaýadydyr" diýip, prezident aýtdy.

Emma ol Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçen Tomusky olimpia oýunlaryndan soň, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Kakabaý Seýidowa berk käýinç beripdi. Kemçilikleri gysga wagtda düzetmek buýrulan Seýidow şu aýyň ortalaryna, wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistan Rio oýunlaryna 9 türgen ýollady we olaryň hiç biri medal gazanmady.

2012-nji ýylda, Londonda geçen Olimpia oýunlaryndan soň hem, türkme prezidenti sort komitetiniň başlygyny işden aýrypdy, sebäbi türkmen türgenleri ol ýaryşdan hem boş gelipdiler.

Türkmenistanda sporta, sport desgalaryna uly döwlet serişdesiniň goýberilýändigi baradaky tassyklamalara garamazdan, Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolýan ýerli synçylar, türgenler we trenerler ýurt içinde sport bilen meşgullanýan ýaşlara hakykatda zerur bolan ýönekeý şertleriň döredilmeýändigini aýdýarlar.

Ýerli synçy A.Bugaýewiň tassyklamagyna görä, bu ýagdaý Gurban Berdiýew ýaly tejribeli trenerleriň, Daniýar Ysmaýylow ýaly Rio oýunlarynda kümüş medal gazanan türgenleriň dogduk ýurdundan gidip, başga ýurtlaryň baýdagy astynda çykyş etmegi saýlap almagyna getirýär.

Mundan öň, 2013-nji ýylyň iýunynda, “Kran Montana” forumynyň başlygy Žan-Pol Karteron Aşgabatda geçirilen giňeldilen hökümet maslahatynda prezidente, “halkara hyzmatdaşlyklarynyň berkemegine goşan goşantlary” üçin, öz guramasynyň altyn medalyny gowşurypdy.

Geçen ýylyň noýabrynda bolsa, Berdimuhamedow halkara Türk medeniýet guramasynyň (TÜRKSOÝ) medaly bilen sylaglandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG