Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: "Talyban" Owganystanyň 10 prosentine kontrollyk edýär


General Jon W. Nikolson

General Jon W. Nikolson

ABŞ-nyň Owganystandaky baş harby serkerdesi «talyban» bu ýurduň 10 prosent çemesine kontrollyk edýär we yslamçy ekstremist topar hökümet güýçleri bilen azyndan ýene 20 prosent territoriýa ugrunda söweşýär diýdi.

Goşun generaly Jon Nikolson 23-nji sentýabrda Waşingtonda, Pentagonda eden çykyşynda Owganystanda «Yslam döwleti» toparynyň hem 1300 çemesi jeňçisiniň bardygyny, olaryň YD-nyň Siriýadaky liderlerinden pul, gollanma we aragatnaşyk goldawyny alýandygyny aýtdy.

Ol Owganystanyň yslamçy toparlara garşy alyp barýan kyn söweşinde agyr ýitgileri çekýändigini aýtdy.

Nikolson owganlaryň köpüsiniň barlag nokatlarynda ölýändigini belläp, owgan goşunlaryna köplenç ýagdaýda düzüwli komandirlik edilmeýändigini, olaryň enjamlaşdyrylyşynyň, tälim berlişiniň ýaramazdygyny hem sözüne goşdy.

Ol Owganystandaky ABŞ ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň owganlara ýurt içindäki territoriýalaryny giňeltmäge, öz goşunlarynyňtaýýarlygyny güýçlendirmäge kömek berjekdigini aýtdy.

Nikolson YD söweşijileriniň esasan Nangarhar sebitinde ýerleşýändigini, olaryň köpüsiniň ozal Pakistan «Talybanynyň» agzalary bolandygyny hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG