Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kosowaly haker YD-a kömegi üçin 20 ýyl aldy


Britan hakeri Junaid Hussain, 2012 ý.
Britan hakeri Junaid Hussain, 2012 ý.

Kosowanyň raýaty ABŞ-nyň 1300 çemesi hökümet we harby agzasynyň şahsy maglumatlaryny ogurlap, «Yslam döwleti» toparyna iberendigi üçin 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

ABŞ-nyň Adalat departamenti 23-nji sentýabrda Ardit Feriziniň 2015-nji ýylda Malaýziýada tutulyp, Birleşen Ştatlara ekstradisiýa edilendigini aýtdy.

20 ýaşyndaky Ferizi iýun aýynda Wirjininanyň federal sudunda özüne bildirilýän aýyplamalary tassyk etdi diýip, beýanatda aýdylýar.

Şeýle-de beýanatda bu işiň, terrorçylyk bilen hakerligiň utgaşmasy netijesinde, milli howpsuzlyga abanan örän hakyky we howply kiberwehimiň ilkinji mysalydygy bellenilýär.

Sud dokumentlerinde Feriziniň ogurlan maglumatlaryny britan hakeri Junaid Hussaine berendigi aýdylýar.

Häzir ölendigi aýdylýan Hussain 2015-nyň ýylyň awgustynda "Biz siziň elektron hatlaryňyzyň we kompýuter sistemalaryňyzyň içinde, her bir hereketi görýäris we ýazgy edýäris, bizde siziň atlaryňyz we adresleriňiz bar" diýip ýazypdy.

XS
SM
MD
LG