Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tatar aýdymçysy metjitde düşürilen wideo üçin ötünç sorady


 Rezeda Ganiullina
Rezeda Ganiullina

Meşhur tatar aýdymçysy we tansçysy Rezada Ganiullina, orsýetli musulmanlar golaýda metjidiň ýanynda düşürilen wideoklibini ýazgaranyndan soň, ötünç sorady.

Tatarystanyň müftisiniň orunbasary Rustam Batrow 23-nji sentýabrda aýdymçynyň garşysyna jenaýat işiniň açylmandygyny, sebäbi onuň resmi ötünç sorandygyny we gürrüňi edilýän wideony sosial ulgamlardan aýrandygyny aýtdy.

Şindi hem YouTube-de duran wideoda ýarym-ýalaňaç Ganiullina gadymy Bolgar şäherindäki Ak metjidiň golaýynda aýdym aýdyp, tans edýär.

Bu wideo musulmanlaryň arasynda gahar-gazabyň döremegine sebäp boldy we olar Ganiullinany öz dini duýgularyny masgaralandygy üçin suda berjekdiklerini aýtdylar.

Orsýetiň derňew komiteti golaýda dini azatlyk düzgünlerini bozandygyny ýa bozmandygyny anyklamak üçin, bu wideony barlamaga başlandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG