Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aleppo: howa zarbalary dowam edýär


Aleppo, gaçýan maşgala
Aleppo, gaçýan maşgala

Uruş uçarlary, Orsýetiň goldawyndaky siriýa goşunlarynyň Alepponyň pitneçileriň elindäki ýerlerine planlaşdyran uly hüjüminiň bir bölegi hökmünde, howa zarbalaryny urmaga başladylar.

Oppozisiýanyň golundaky gündogar bölegi graždan goragynyň başlygyAmmar al Selmo 24-nji sentýabrda «Roýters» habar gullugyna bu zarbalaryň, “gynançlam bolsa dowam edýändigini» aýtdy.

Siriýanyň Britaniýadaky Adam hukuklary obserwatoriýasynyň başlygyRami Abdulrahman» Roýters» habar gullugyna «bu reýdleriň ýygjamdygyny we dowam edýändigini» aýtdy.

Alepponyň ýaşaýjylary howa we raketa hüjümlerinde ýagdyrylýan oklaryň bu sebite owalda-ahyrda urlan zarbalara garanda has kän weýrançylyk edýändigini, köp jaýyň ýumrulandygyny aýdýarlar.

Aleppoda ýerleşýän pitneçi fraksiýanyň – Lewant frontuň uly resmisi «Roýters» habar gullugyna ulanylýan ýaraglaryň hli binany ýer bilen ýegsan etmäge niýetlenene çalym edýändigini aýtdy.

Siriýanyň goşuny şäherdäki pitneçi pozisiýalaryny nyşana alýandygyny aýdýar we asuda adamlary urýandygyny ret edýär.

ABŞ bilen Orsýet 23-nji sentýabrda, Alepponyň pitneçileriň elindäki ýerlerine urulýan ýygjam howa zarbalarynyň arasynda, Siriýadaky ýaraşygy dikeltmegiň hötdesinden gelmedi. Bu howa zarbalarynyň onlarça adamy öldürendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG