Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Seatl atyşygynda 5 adam öldi


ABŞ häkimiýetleri Seatliň demirgazygyndaky söwda merkezinde bolan atyşykda bäş adamyň ölendigini aýdýarlar.

Polisiýa 24-nji awgustda söwda merkezinde dört aýalyň öldürilendigini aýtdy.

Hüjüm wagtynda ýaralanan bir erkek biraz soň, hassahanada ok ýaralaryndan öldi.

Atyşyk ýerli wagt bilen agşam 7:30 töwereklerinde, Seatliň 100 km çemesi demirgazygyndaky Burlington şäherinde boldy.

Seatliň KOMO News telewizion stansiýasy şaýatlara salgylanyp, atyjynyň Kaskada söwda merkezinde Meýsiniň dükanyna girip, adamlary oka tutmaga başlandygny aýtdy.

XS
SM
MD
LG