Sepleriň elýeterliligi

Habar: Trampyň syýasy geňeşçisi derňelýär


Karter Peýj Moskwada leksiýa berýän mahalynda. 7-nji iýul, 2016.

Karter Peýj Moskwada leksiýa berýän mahalynda. 7-nji iýul, 2016.

ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň resmileri respublikanlaryň prezidentlige kandidaty Donald Trampyň daşary syýasat geňeşçisi diýlip tanadylan biznesmeniň uly rus resmileri bilen ikitaraplaýyn meseleler, şol sanda ABŞ sanksiýalary barada hususy maslahat edip-etmändigini anyklamaga synanýarlar diýip, Yahoo News habar berýär.

23-nji sentýabrda çap edilen maglumata görä, habar guramasy bu mesele bilen bagly birnäçe çeşmä salgylanýar we derňew astyndaky adamyň adynyň Karter Peýjdigini (Carter Page), onuňozal Moskwada inwestisiýa bankiri bolandygyny, Trampyň ony martda öz daşary syýasat toparyna goşandygyny aýdýar.

Yahoo News ady aýdylmaýan günbatar aňtaw çeşmesine salgylanyp, ABŞ resmileriniň aňtaw maglumatyny alandygyny, Peýjiň iýul aýynda Moskwa sapar edip, Putiniň ýakyn ýaranlarynyň biri, döwlet eýeçiligindäki «Rosneft» kompaniýasynyň başlygy Igor Seçin bilen duşuşandygyny öňe sürýär.

Seçin Waşingtonyň we ÝB-niň, Moskwanyň 2014-nji ýylyň martynda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa etmegi we soňra gündogar Ukrainadaky separatistleri goldamagy sebäpli girizen sanksiýalarynyň çäginde gadaganlyk sanawyna salnan resmileriň biridir.

Şeýle-de, Yahoo Newsiň günbatar aňtaw çeşmesine salgylanyp ýazmagyna görä, Peýj Putiniň ýakyn ýarany Wýaçeslaw Wolodiniň sag goly Igor Diweýkin bilen hem duşuşypdyr.

XS
SM
MD
LG