Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ban Aleppodaky gowganyň ýitileşmeginden 'hopukdy'


Howa zarbasyndan soň ýogalan çagany göterip barýan erkek, Aleppo, 23-nji sentýabr, 2016 ý.
Howa zarbasyndan soň ýogalan çagany göterip barýan erkek, Aleppo, 23-nji sentýabr, 2016 ý.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun Siriýanyň demirgazyk şäheri Aleppodaky «üýşendiriji harby ýitileşmeden hopukdy» diýip, onuň sözçüsi aýtdy.

"Siriýa goşunynyň iki gün ozal gündogar Aleppony ele geçirmek üçin hüjüm etjekdigini yglan edeli bäri, ol ýerden ot beriji ýaraglaryň we baster bombalary ýaly has kämil oklaryň atylmagy bilen utgaşdyrylan howa zarbalary barada ençeme gezek habar berildi" diýip, Banyň sözçüsi Stefan Dujarrik 24-nji sentýabrda eden beýanatynda aýtdy.

Ban muny “asuda adamlary goramak babatdaky global borçnama üçin gara gün hasaplaýar" diýip, Dujarrik sözüniň üstüni ýetirdi.

Damask, geçen hepde ýaraşyk tagallalary puç bolaly bäri, şäheriň pitneçileriň elindäki bölegine urýan howa zarbalaryny güýçlendirdi.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi 25-nji sentýabr güni giçlik Nýu-Ýorkda, zorluk-sütemiň möwjemegini ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşýar diýip, diplomatlar aýdýar.

Bu duşuşygyň geçirilmegini Britaniýa, Fransiýa we Birleşen Ştatlar talap etdi.
UNICEF, BMG-niň çagalar guramasy golaýda edilen hüjümleriň iki milliona golaý adamy suwsuz goýandygyny aýdýar.

Pitneçileriň elindäki gündogar Aleppony agyz suwy bilen üpjün edýän suw stansiýasy bombalaýyşlar netijesinde weýran edildi we pitneçiler muňa jogap edip, şäheriň günbataryny suw bilen üpjün edýän stansiýanyň işini togtatdylar diýip, UNICEF aýdýar.

Siriýanyň Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasy 24-nji sentýabrda gündogar Aleppodaky bombalaýyşlar zerarly azyndan 45 adamyň, şol sanda 10 çaganyň öldürilendigini aýtdy.

“Bu reýdler ýygjam we dowamly" diýip, guramanyň direktory Rami Abdulrahman aýtdy.

Aktiwistler bu hüjüme hem Orsýetiň, hem Siriýanyň uruş uçarlarynyň gatnaşýandygyny aýdýarlar.

Siriýanyň goşuny özüniň şäherdäki pitneçi pozisiýalaryny nyşana alýandygyny aýtdy we graždan adamlary urýandygyny ret etdi. Orsýet özüniň bu hüjümlere gatnaşygyny tassyk etmedi.

Siriýanyň harbylary 22-nji sentýabr güni giçlik özleriniň şäheriň pitneçileriň elindäki gündogar bölegine garşy täze operasiýa başlaýandygyny yglan etdi.Şäheriň bu böleginde azyndan 250,000 adam ýaşaýar.

Goşundaky çeşme bu hüjümiň «töwerekleýin» boljakdygyny, howa zarbalaryndan we top atyşlykdan soň gury ýer hüjümi bilen utgaşdyryljakdygyny aýtdy.

Siriýanyň daşary işler ministri Walid al-Moalem 24-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda, BMG-niň Baş Assambleýasynda Damaskyň indi ýeňşe öňkülere garanda has ynamlydygyny aýtdy we hökümet güýçleriniň «terrorçylyga garşy alyp barýan urşunda uly üstünlikler gazanýandygyny» sözüne goşdy.

Hökümet prezident Başar al-Assada garşy göreşýän pitneçi toparlaryň ählisini pitneçi hasaplaýar.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow biraz öň Siriýadaky ýaraşygy dikeltmek ähli taraplaryň tagallasyna bagly, diňe Orsýetiň «birtaraply eglişiklerine» bagly däl diýdi.

Ol bu sözleri ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri bilen duşuşykdan bir gün soň aýtdy.

Kerri bu duşuşykdan soň «progesiň azdygyny» aýtdy.

Moskwa bilen Waşington Siriýadaky degişli ýaranlaryny jylawlamagy başarmazlykda bir-birini günäleýär. Orsýet Assady goldaýar, Waşington oppozisiýa toparlaryna arka durýar.

Siriýanyň bäş ýyllyk konflikti 300 müňden gowrak adamy öldürdi we millionlap adamy öýünden bosdurdy.

XS
SM
MD
LG