Sepleriň elýeterliligi

Iordan ýazyjysy suduň işiginde öldürildi 


Iordan ýazyjysy Nahed Hattar paýtagt Ammandaky suduň daş işiginde ýaragly adam tarapyndan atylyp öldürildi.

Hattar 25-nji senýatbrda, suduň işiginde, kellesinden atylan üç okdan öldi. Ol bu ýere hamala musulmanlary masgaralaýan diýip hasaplanylan karikaturany paýlaşandygy üçin, sud edilmäge getirilipdi.

Hüjümçi wakanyň bolan ýerinde tussag edildi diýip, Iordaniýanyň döwlet habar gullugy habar berdi.

53 ýaşyndaky hristian Hattar awgust aýynda, feýsbukda «jyhatçylary» ýaňsylaýan karikaturany ýerleşdireninden soň tussag edildi.

Bu karikaturada düşekde aýallar bilen ýatan sakgally adamyň hudaýa çakyr we hoz getirmegi buýruşy şekillendirilýär.

Hattar mezhep dartgynlyklaryna meçew bermekde we yslamy masgaralamakda aýyplanypdy.

XS
SM
MD
LG