Sepleriň elýeterliligi

Balkanlar: Referendum dartgynlygy ýokarlandyrýar


Referendum saýlawçylardan Srpska respublikasynda "döwletlilik gününi" bellemek isläp-islemeýändiklerini soraýar.

Referendum saýlawçylardan Srpska respublikasynda "döwletlilik gününi" bellemek isläp-islemeýändiklerini soraýar.

Bosniýa-Herzegowinanyň bosniýa-serb awtonomiýasynyň saýlawçylary Saraýewodaky Ýokary suduň kararyna garşy gidip, dawaly referendumda ses berýärler.

25-nji sentýabrdaky referendum bosniýa musulman we bosniýa serb resmileriniň arasynda 1995-nji ýylda, ABŞ-nyň araçylyk eden Daýton parahatçylyk ylalaşygyndan bäri iň gyzgyn çekişmeleriň döremegine alyp geldi.

Daýton ylalaşygy, Bosniýa-Herzogiwinanyň içindäki üç kontinentiň biri hökmünde, Srpska respublikasyny döredipdi.

Bu referendum saýlawçylardan Srpska respublikasynda 9-njy ýanwarda «döwletlilik gününi» bellemek isleýändiklerini ýa däldigini soraýar.

9-njy ýanwar Serbiýanyň prowaslaw hristianlarynyň baýramçylygy we Bosniýanyň serb kanunçylarynyň 1992-nji ýylda Bosniýadan garaşsyzlygy jar eden güni bolup durýar.

Bu garaşsyzlyk jarnamasy üç ýyllyk etniki urşa meçew beripdi.

Referendumyň tankytçylary onuň etniki dartgynlyklary güýçlendirýändigini we Bosniýa Serb mini-döwletiniň içinde separatistik meýilleri gylawlandyrýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG