Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda 3-nji Wena baly geçirildi


Awstria, Wena baly

Awstria, Wena baly

Türkmenistanyň paýtagtynda şenbe güni 3-nji Wena baly geçirildi.

Türkmen telewideniýesi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň meýdançasynda geçirilýän çärä Mejlisiň başlygynyň, hökümet agzalarynyň, milli parlamentiň deputatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniňwe daşary ýurtlaryň Aşgabatdaky missiýalarynyň diplomatlarynyň we beýlekileriň gatnaşandygyny habar berýär.

Şeýle-de bu bala gatnaşmak üçin Awstriýanyň belli opera aýdymçylaryndan, drižýorlaryndan we tansçylaryndan ybarat topar Aşgabada gelipdir.

Bu çäre Türkmenistanyň Medeneit ministrligi bilenAwstriýa-türkmen jemgyýetiniň guramagynda geçirildi.

XS
SM
MD
LG