Sepleriň elýeterliligi

Bagdat partlamasynda ýedi  adam öld


Yrak esgeri

Yrak esgeri

Yragyň paýtagty Bagdatda janyndan geçeniň özüni partlatmagy netijesinde ýedi adam öldi.

Bombaçy 25-nji sentýabrda paýtagtyň günbatar mähellesi bolan Iskanda, ýerli adamlar şaýylaryň indiki aýda geçiriljek Aşura festiwalyna taýýarlyk görýän mahaly özüni ýardy.

Partlama netijesinde 20 çemesi adam ýaraly boldy.

Hüjümiň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne alan bolmady. Emma Yragyň şaýy köplügi köplenç YD jeňçileri tarapyndan nyşana alynýar.

XS
SM
MD
LG