Sepleriň elýeterliligi

Hytaýda iň radio teleskop işe başlady


Dünýäde iň uly radio teleskop işe başlady.

Dünýäde iň uly radio teleskop işe başlady.

Hytaýyň günortasyndaky Guýžou welaýatynda dünýäde iň uly radio teleskop işe başlady.

500 metr diametrdäki diafragma sferik teleskopy 25-nji sentýabrda signallary kabul etmäge başlady diýip, Hytaýyň döwlet habarlar gullugy aýtdy.

Bu proýekt bäş ýyldan gowrak wagtda tamamlandy we $180 milliona düşdi. Ol Birleşen Ştatlaryň Puerto Rikodaky 300 mert diametrdäki aresibo obserwatoriýa teleskopyndan has uludyr.

Ylmy barlagçylar täze teleskopyň grawitasional tolkunlary, ýyldyzlardan we galaksilerden gelýän radio signallaryny öwrenmek, ýerden başga ýerdäki durmuşyň alamatlaryny agtarmak üçin ulanyljakdygyny aýdýarlar.

Hytaý şu aýyň başlarynda özüniň ikinji kosmos stansiýasyny, Tiangong 2-ni orbita goýberdi, geçen aý bolsa dünýäde ilkinji kwant hemrasyny işe girizdi.

XS
SM
MD
LG