Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Aleppodaky hüjümler sebäpli tankyt edilýär


Birleşen Ştatlaryň BMG-däki ilçisi Samanta Power.

Birleşen Ştatlaryň BMG-däki ilçisi Samanta Power.

Siriýanyň demirgazygyndaky Aleppo şäherinde bombalama kampaniýasynyň ýitileşen mahaly, Britaniýa, Fransiýa we Birleşen Ştatlar Orsýeti Siriýadaky hereketleri üçin tankyt etdiler.

“Orsýetiň maliýeleşdirýän we amala aşyrýan zady terrorizme garşy göreşmek däl-de, wagşylyk” diýip, 25-nji sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň geçiren adatdan daşary Howpsuzlyk Geňeşinde Birleşen Ştatlaryň BMG-däki ilçisi Samanta Power aýtdy.

Geçen hepde Siriýanyň režimi Aleppo şäherine garşy täze hüjümlerine başlady. Bu şäherde 275 müň çemesi ilat ýaşaýar.

Birleşen Ştatlaryň we Orsýetiň araçylyk etmeginde dikeldilen bir hepdelik ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyk 19-njy sentýabrda bozulany bäri Aleppo şäherinde parahat ilatdan azyndan 231 ýaşaýjy heläk boldy. Bu barada düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklary obserwatoriýasy habar berýär.

XS
SM
MD
LG