Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşkentde türkmen-özbek resmileri duşuşýar


Türkmen resmileri.
Türkmen resmileri.

26-27-nji sentýabrda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-özbek komissiýasynyň bilelikdäki 12-nji ýygnagy geçiriler diýlip, türkmen mediasynda habar berilýär.

Türkmen wise-premýer B.Atdaýewiň aýtmagyna görä, bu duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary, tranzit-transport, oba we suw hojalyk pudagy, himiýa senagaty hem-de sport we turizm ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläkde ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Resmi metbugatda berilýän maglumata görä, wise-premýer ýokary derejede geçiriljek komissiýa gatnaşjak türkmen delegasiýasyna degişli resminamalaryň proýektini döwlet ýolbaşçysynyň garamagyna hödürläpdir.

Türkmen-özbek resmileriniň arasynda duşenbe we sişenbe günleri geçirilýändigi aýdylýan bu duşuşyk barada henize çenli özbek mediasynda maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG