Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň harby awtobusy nyşana alyndy


Türk esgerleri.

Türk esgerleri.

Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky harby awtobusyna edilen hüjümde azyndan iki esger öldi we başga-da sekiz sanysy ýaralandy.

26-njy sentýabrda amala aşyrylan partlama aglaba etniki kürtleriň ýaşaýan Derik we Kyzyltepe şäherçeleriniň arasyndaky ýolda boldy.

Henize çenli bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady. Emma türk häkimiýetleri mundan ozal regiondaky şuňa meňzeş hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne alan “Kürdüstanyň işçiler partiýasyny”, ýagny “PKK-ny” aýypladylar.

1984-nji ýylda “PKK” Türkiýäniň 15 million kürt ilatyna awtonomiýa berilmegi üçin ýaragly gozgalaňlaryna başlany bäri ýurtda 40 müňden gowrak adam öldi.

XS
SM
MD
LG