Sepleriň elýeterliligi

Orsýet 'YD-a' garşy göreşe bukulyp, täsirini ‘artdyrjak bolýar’


Orsýetiň "SU-25" kysymly söweş uçarlary.

Orsýetiň "SU-25" kysymly söweş uçarlary.

Karl Rowe biynjalyk däl, ýöne kararly. Ol: "Orsýetden abanýan howpuň gitdigiçe artýandygyna şübhe ýok. Putin uruşjaň, ol täsir sferasynyň çäklerini giňelderin öýdýär" diýýär.

Ukrainanyň paýtagty Kiýewde Mistetskiý Arsenalynda ak diwanda otyrkak Amerikan prezidenti Jorg Buşuň öňki ýokary derejeli geňeşçisi we ştab başygynyň orunbasary bolan Rowyň diplomatlar ýaly gürläsi gelenok.

Ol gürrüňini şeýle dowam etdirýär: "Orsýetiň täsirini SSSR döwründäki derejä ýetirmek üçin [Putin] elinden gelen we islän zadyny, näme hem bolsa, edýär. Orsýet 1972-nji ýyldan bäri ilkinji gezek indi Orta Gündogarda. Ukraina, şeýle hem Baltika we demirgazyk Ýewropa ýurtlaryna howp salýar. Bu iş Orsýet üçin agyr baha düşse-de, Putin muny tölemäge meýilsiz däl".

Rowyň aýdýanlary dogry. Putin ilki 2008-nji ýylda Gürjüstan bilen bolan uruşda Orsýetiň gudratyny gaýtadan görkezmäge synanyşdy. Ol bu işi 2014-nji ýylda Krymy bikanun anneksiýa etmek we gündogar Ukraina basyp girmek bilen dowam etdirdi. Öten ýylyň aýaklarynda hem Orsýetiň ýaragly güýçleri Siriýa girdiler. Bular Kreml üçin okgunly ýyllar boldy.

Ýöne Orsýet bu awantýurizmden ep-esli ejir-de çekdi. Halkara sanksiýalar bilen barha aşaklaýan nebit bahasy onuň ykdysadyýetine agyr zarba bolup degdi. 2000-nji ýyllarda Putin gudratyny pugtalandyrmaga başlanynda ors halkynyň dilini tapmak kyn zat däldi. Olar erkinligi ýetirip, ykdysady durnuklylygy almalydy. Bu gün indi bu alyş-çalyş ýörejege meňzänok. Erkinligi ýene-de ýitiren, ykdysady kynçylygyň içindäki orsýetliler guwanarlar. Sebäbi Günbatar tarapyndan bir wagt üstünden gülnen Orsýet global güýç syýasatynyň merkezinde özüne mynasyp orny eýeledi. Ykdysady ösüş gidip, şowinizm geldi.

Häzirki wagtda alyş-çalyş dowam edýäne meňzeýär. Aprel aýynda Moskwa we Sibire eden saparymda bilimli we global derejede iş alyp barýan adamlary hasaba almasaň, köpçüligiň prezidenti goldaýandygy görnüp durdy. "Orsýet ýene güýçli" diýlenini öwran-öwran eşitdim. Putini tankytlaýanlar diňe žurnalistler ýa ýaşlar.

Aýratyn-da global derejede öz güýjüňi görkezmek oýny bolan Siriýada Putin özüniň mümkinçiliklerinden peýdalandy. Özüni "Yslam döwleti" diýip atlandyrýan ekstremistik toparyň regionda peýda bolmagy bu toparyň aýylganç rehimsizliklerine garşy göreşmek bahanasy bilen Moskwanyň konflikte garyşmagyna getirdi. Aslynda Putin Waşingtonyň daşary syýasat boýunça giň gerimli 21-nji asyr inisiatiwasy bolan "terrora garşy global uruşda" ýolbaşçy roluny eýeledi. Ol Orsýetiň täsir meýdanyny giňeltmek üçin bu doktorinany perde edindi. Putin üçin "Yslam döwleti" Orta Gündogarda Orsýetiň strategik täsirini howpsuzlandyrmak üçin geosyýasy sowgat.

Käbir adamlar onuň bu işi etmegine ýol açan Günbataryň aýgytsyzlygy diýýärler. "Prezident Barak Obama Siriýa turuwbaşdan ýaramaz çemeleşdi. Himiki ýaraglaryň ulanylmagy gyzyl çyzyk diýip-de, bu ýaraglar ulanylanda hiç bir iş etmän oturmaly däl. Indi hem biz "Jabhat al-Nusra" we "Yslam döwletine" garşy göreşde Orsýet bilen Birleşen Ştatlaryň hereketlerini ýakyndan koordinirleýändigini görýäris. Munuň gowy göçüm bolmazlygy mümkin. Onuň nähili gidýänini iş ýüzünde görmeli bolarys. Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad Orsýetiň müşderisi. Orsýetiň hem ýeke-täk aladasy Siriýadaky weýrançylyga we Assadyň sünni musulmanlara salýan howpuna garamazdan onuň häkimiýet başynda galmagy. Moskwa Assadyň ýurduň [Orsýetiň Tartusdaky] harby deňiz bazasyny hem öz içine alýan bölegini saklap galmagynyň aladasyny edýär" diýip, Rowe sözüniň üstüne goşýar.

Rowyň aýdan sözleri adamy gaýga batyrýan welilik bolup çykdy. Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň araçylyk etmeginde atyşyklary bes etmek boýunça Assada ygrarly güýçler bilen oňa garşy gozgalaňçy toparlar arasynda gelnen - Yslam Döwletiniň jeňçilerini we beýleki jihatçy toparlary ýok etmek maksady bilen Moskwa bilen Waşingtonyň güýç birikdirmegine gönükdirilen - 12-nji sentýabr ylalaşygy dowam etmän tamamlandy. Has ýamany hem ozal Birleşen Ştatlaryň "Yslam Döwletiniň" jeňçileriniň deregine ýalňyşlyk bilen Siriýanyň hökümet goşunyna degişli 60 esgeri öldürdi diýilen howa zarbalarynyň indi zor bilen Siriýa goşunynyň formalary geýdirilen tussaglary öldürene meňzeýänligi.

Putin Siriýanyň režimi atyşyklary bes etmek ylalaşygyny "doly ýerine ýetirýärkä" gozgalaňçy toparlaryň (bularyň käbirni Amerika goldaýar) pursatdan peýdalanyp, öz hatarlaryny täzeden düzendigini aýdyp, Waşingtony regiony ekstremistik toparlardan arassalamagyň deregine öz harby güýjini saklap galmaga synanyşýanlykda aýyplady.

Aslynda bolsa ýagdaý mundan has bulaşyga meňzeýär. Bir wideoda gozgalaňçy topar Erkin Siriýa goşuny Amerikanyň ýörite güýçlerine demirgazyk Siriýada Al-Rai şäherinden çykmak barada buýruk berýär. Olar "hristiýanlara we amerikanlara biziň aramyzda ýer ýok" diýşip gygyryşýarlar. Aýdylyşyna görä, amerikan esgerleri birnäçe sagat soňra bu şähere dolanyp barypdyrlar. Protesti gurnanlar hem Ankaranyň tabşyrygy boýunça gullukdan "çykarylypdyr".

Häzirki pursatda bularyň hemmesi Orsýetiň islegine gabat zatlar. Ýöne esasy sorag onuň özüniň imperial awantýurasyny ýene näçe wagtlap dowam etdirip biljekdigi. Rowe: "Putin orslaryň goldawyndan peýdalanyp, wagtlaýyn üstünlik gazanmagy başarydy. Ýöne bu goldaw ykdysady durgunlyk ýene bir ýyl dowam etse, gowşar. Şol bir wagtyň özünde-de onuň hereketleri Ýewropany energiýa syýasaty babatda täzeden oýlanmaga mejbur etdi" diýýär. Ýewropa Orsýetiň gazynyň uly müşderisi. "Şol sebäpden ol müşderilerini-de ýitirip barýar. Bu hem göni Putine ýeten zyýan bolar".

Goşunyny ukrain serhedine toplan Putin häzir Global sahnada Siriýa "asudalyk" getirmäge, Yslam döwletinden abanýan howpy ýok etmäge synanyşýandygyny aýdyp, öňe tarap barýar. Öz müşderisini güýçlendirmek üçin Orsýetiň ýaragly güýçleriniň Siriýada Yslam döwletine degişli däl, ýöne Assada garşy toparlary nyşana almagy Orsýetiň Siriýa boýunça alyp barýan syýasatynyň ikiýüzlülik gatlagyny emele getirýär.

17-nji sentýabrda geçen "YES" maslahatynda eden çykyşynda prezident Jorj Buşuň syýasy planlaşdyryş toparynyň öňki başlygy Riçard Haas ukrainaly parlament wekillerine, çet ýurtly diplomatlara we žurnalistlere ýüzlenip: "Sowuk urşuň howply pursatlarynda, Kubanyň raketa krizisinde [Öňki Sowet Soýuzynyň lideri Nikita] Hruşçew syýasy býuro bilen maslahatlaşmaly bolýardy. Ýöne men Putin barada gözegçilik we deňagramlylyk göremok. Aslynda, ors dilinde 'gözegçilik we deňagramlylyk' diýen aňlatmanyň bardygyna-da şübhelenýärin" diýdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG