Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý Täjigistanda harby post gurmagy planlaşdyrýar


Täjigistanyň serhet gullukçylary.
Täjigistanyň serhet gullukçylary.

Täjigistan Hytaý täjik serhet gullukçylary üçin ýurduň täjik-owgan serhedinde ençeme harby postlaryň gurluşygyny maliýeleşdirmegi planlaşdyrýar diýýär.

Täjik hökümetiniň 26-njy sentýabrda çap eden kararynda bu hereketiň Täjigistanyň howpsuzlygyny berkitjekdigi aýdylýar.

Şeýle-de, kararda hökümetiň ýurduň Milli Howpsuzlyk komitetine Hytaý bilen ylalaşyga gol goýmak barada ýörite görkezme berendigi bellenilýär.

1,345 kilometr uzynlykdaky täjik-owgan serhedi Duşenbe üçin uly howp bolmagyna galýar. Bu sebitde owgan neşe gaçakçylary yzygiderli täjik serhet gullukçylary bilen çaknyşýarlar. Şol bir wagtda, owgan “Talyban” hereketiniň söweşijileri hem bu serhet araçägindäki hereketlerini güýçlendirdiler.

Hytaý şu ýylyň başynda Täjigistanyň Owganystan bilen serhedinde bir harby posty gurup berdi.

XS
SM
MD
LG