Sepleriň elýeterliligi

BMG: Türkmenistan internetiň ösüşi boýunça 160-njy ýerde


Internet kafe, Balkanabat, 2015.

Internet kafe, Balkanabat, 2015.

BMG-niň digital aragatnaşyklar we köp taraply internet tehnologiýalary ösdürmek boýunça komissiýasy köp taraply aragatnaşygyň dünýä ýurtlarynda ulanylyşy boýunça hasabatyny çap etdi.

Komissiýanyň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 67-nji sessiýasynyň ýanynda 24-nji sentýabrda geçirilen 6-njy maslahatyna gabatlap çap eden bu 106 sahypalyk hasabatda, dünýäniň 191 ýurdunda internetiň elýeterliligi barada maglumat berilýär. Ýurtlar ösen, ösýän we gowşak ösüşli üç topara bölünýär.

Ýurt boýunça görkezijiler

Hasabatda Türkmenistanda ulanyjylaryň sany 15% derejesinde görkezilip, ýurt internetiň elýeterliligi boýunça 160-njy orunda ýerleşdirilipdir. Sanawda Türkmenistandan yzda Owganystan, käbir Günorta-gündogar ýurdy we Afrika ýurtlary görkezilýär.

Postsowet ýurtlarynyň arasynda köp taraply internet tehnologiýalary ulanmakda iň gowy ösüş görkezen ýurduň Azerbaýjandygy aýdylýar. Sanawda 36-njy ýerde ýerleşdirilen Azerbaýjanda köp taraply internet tehnologiýalarynyň hem bagly hem-de mobil görnüşlerinden peýdalanýanlaryň jemi sany 77% derejesinde görkezilýär.

Dünýä derejesinde ösen internet tehnologiýasyndan iň köp, ýagny ilatyň 98.2% derejesinde peýdalanýan ýurduň Islandiýadygy aýdylýar. 2015-nji ýylda bu ugurdan öňe saýlanan dünýä ýurtlarynyň onlugyna, şeýle-de Luksemburg, Andorra, Norwegiýa, Lihtenşteýn, Daniýa, Bahreýn, Monako, Ýaponiýa, Gollandiýa, Katar we Finlýandiýa girýär.

Hasabatda köp taraplaýyn internet tehnologiýalary ulanmakda dünýä ýurtlaryna baha berilende, köp taraplaýyn internetiň her 100 adam başyna ulanylyş derejesi, şeýle internetiň mobil, ýagny simsiz görnüşiniň näderejede ýaýbaňlanandygy, internete baglanan öý-hojalyklaryň sany ýaly derejeler göz öňünde tutulypdyr.

Türkmenistan internete baglanan hojalyklaryň sany boýunça maglumat bermedik ýurtlaryň hatarynda agzalýar. Bu meselede Türkmenistan Demirgazyk Koreýa, Sýerra Leone we Tuwalu bilen bilelikde bir topary emele getirýär.

BMG-niň digital tehnologiýalar we köp taraplaýyn internet aragatnaşygy boýunça komissiýasynyň hasabatynda, köpugurly internet tehnologiýalaryň adamlaryň durmuşyna ýetirýän oňyn täsirlerine, şol sanda saglygy saklaýyş, distansion bilim programmalary, mobil tölegler ýaly hyzmatlaryň elýeterliligine üns berilýär.

Şeýle-de, hasabatda ösen internet tehnologiýalarynyň ýaýbaňlanmagy ugurndaky ösüşi tizleşdirmekde döwletiň we hususyýetçiligiň partnýorlygynyň ähmiýeti nygtalýar. Şol bir wagtda-da, ösen internet tehnologiýalaryň durmuşyň dürli ugurlaryna ornaşmagy bilen şahsy informasiýanyň goragynyň zerurlygynyň hem ýüze çykýandygy bellenýär.

Internet we kanun

2015-nji ýylda 108 ýurt kiberhowpsuzlyk boýunça kanuny kabul edipdir. Hasabatda bu mesele dogrusynda Türkmenistana degişli maglumat görkezilmändir.

Köp taraply internet aragatnaşyk (broadband) optiko-süýümli simleriň ulanylmagyndaky tehnologiýalar arkaly amala aşyrylýar we bir wagtyň özünde hat, ses, wideo we beýleki maglumatlaryň elýeterliligini üpjün edýär. Onuň mobil görnüşi (mobil-broadband) mobil aragatnaşyk hyzmatlary üçin ulanylýar.

BMG-niň digital aragatnaşyklar we köp taraply internet tehnologiýalary ösdürmek boýunça komissiýasynyň hasabatynda, 2015-nji ýylda dünýäde 3,2 milliard adamyň köp taraply internete baglandygy, 2016-njy ýylyň aýagynda bu sanyň 3,5 milliard adama ýetjekdigi bellenýär. Bu bolsa dünýä ilatynyň 47%-ni emele getirýär.

Türkmenistanda internet 2014-nji ýylda güýje giren “Internetiň ösüşiniň kanuny düzgünleri we internet hyzmatlaryň üpjünçiligi hakyndaky” kanun esasynda dolandyrylýar. Kanun Türkmenistanda ulanyjylar üçin internetiň erkin elýeterliligini üpjün etmek maksadyny öz öňünde goýýar. Şeýle-de, kanunda internet bilen bagly gatnaşyklaryň raýatlaryň internetden we internetdäki maglumatlardan peýdalanmak hukugynyň we azatlygynyň berjaý edilmeginiň esasynda düzgünleşdirilmegine kepil geçilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG