Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Siriýadaky hereketleri üçin ýiti tankytlandy


BMG: ABŞ Orsýeti ýiti tankyt etdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:02 0:00

BMG: ABŞ Orsýeti ýiti tankyt etdi

Siriýanyň demirgazyk şäheri Aleppoda bombalama kompaniýasynyň güýçlenmegi sebäpli Orsýet bu ýurtda alyp barýan hereketleri üçin Britaniýa, Fransiýa we Birleşen Ştatlar tarapyndan ýiti tankytlandy.

"Orsýetiň goldaýan we edýän işleri terrorizme garşy iş däl, wagşyçylyk" diýip, Amerikanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Samanta Power Howpsuzlyk Geňeşiniň 25-nji sentýabrda geçen adatdan daşary ýygnagynda aýtdy.

"Parahat ilata zerur kömekleri ýetirmäge ýardam bermegiň deregine Orsýet bilen [Siriýanyň prezidenti Başar al-] Assad ynsanperwer kömekleri alyp barýan kerwenleri, keselhanalary, adamlary öldürmän saklamaga jan edýän kömekçileri bombalaýarlar. Bu gün Orsýetiň bu hüjümler terrorizme garşy edilýän hüjümler, öldürilýän adamlar terroristler ýa terroristler bilen duýgudaşlyk edýänler diýjekdigi şübhesiz. Bular boş gürrüňler" diýip, Power aýtdy.

Amerikanyň ilçisi sözüni dowam etdirip, Howpsuzlyk Geňeşini "kimiň jogapkärdigini batyrgaýlyk bilen aýtmaga we Orsýete biragyzdan bes et diýmäge" çagyrdy.

Ylalaşygyň bozulmagy

Birleşen Milletler Guramasynyň ýygnagy Siriýa režiminiň 275 müň ilatly gündogar Alepponyň garşysyna täze hüjüme başlandygyny yglan edeninden bir hepde soňra Britaniýanyň, Fransiýanyň we Birleşen Ştatlaryň haýyşy boýunça geçirildi.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklary obserwatoriýasynyň bildirmegine görä, Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň araçylygynda atyşyklary bes etmek boýunça gelnen bir hepdelik ylalaşyk 19-njy sentýabrda tamamlanaly bäri Aleppo şäherinde hüjümlerde parahat ilatdan azyndan 231 adam ölüpdir.

Orsýetiň ilçisi Witaliý Çurkin Siriýanyň hökümet güýçleriniň adamlara köp zyýan ýetirmän terroristleri Aleppodan çykarmaga synanyşýandygyny aýtdy. Ýöne bu bombaly hüjümlere ors güýçleriniň hem gatnaşýandygyny agzamady.

Ol atyşyklary bes etmek baradaky ylalaşygyň bozulmagyna ýaragly oppozision toparlary jogapkär etdi. Çurkin şeýle hem Günbatary özüniň goldaýan aram toparlaryny "terroristik" toparlardan aýyrmanlykda aýyplady.

“Diňe terroristleriň hüjümlerine jogap berilýär”

"Aleppoda 200 müňden gowrak adam terroristik topar ‘Al-Nusra Frontynyň’ we onuň bilen ilteşikli beýleki toparlaryň elinde zamuna öwrüldi. Bu topar aýallary we çagalary galkan edinip ulanmaga synanyşýar. Siriýanyň hökümet güýçleri Kastello we Rasmus ýollaryny we beýleki halkalaýyn ýollary howpsuzlandyrdy. Diňe terroristleriň hüjümlerine jogap berilýär, tanalýan hem tassyklanan nyşanalara ot açylýar" diýip Çurkin aýtdy.

Britaniýanyň ilçisi Matthew Rykroft Orsýetiň edýän işleri "konflikti uzalty, adamlaryň çekýän ejirini uzaltdy" diýdi.

Ol soňra hem: "Orsýetiň Siriýanyň uruş jenaýatlaryny edýän režimi bilen ýaranlyk edýändigini inkär etmek kyn" diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Staffan de Mistura geçen hepde "alty ýyla golaý bäri Siriýada barýan bu weýrançylykly konfliktde iň ýaramaz hepde boldy" diýdi.

De Misturanyň aýtmagyna görä, söweşler güýçleneli bäri Siriýanyň iň uly şäheri bolan Aleppoda iki milliona golaý ilat suwsuzlykdan ejir çekýär.

Ol Howpsuzlyk Geňeşini duşmançylygy togtatmak we gündogar Aleppo ynsanperwer kömekleri, medisina kömeklerini we beýleki zerurlyklary ýetirmek üçin söweşlere hepdede 48 sagat ara berilmegi üçin basyş etmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG