Sepleriň elýeterliligi

Klinton, Trump başa-baş diskussiýada jedelleşdi


Birleşen Ştatlaryň prezidentligine kandidatlar Hillari Klinton we Donald Trump.

Birleşen Ştatlaryň prezidentligine kandidatlar Hillari Klinton we Donald Trump 26-njy sentýabrda geçirilen başa-baş diskussiýada ykdysady we daşary syýasat meseleleri boýunça jedelleşdiler.

Birleşen Ştatlarda 8-nji noýabrda geçiriljek saýlawlaryň öňüsyrasynda şuňa meňzeş üç diskussiýanyň geçirilmegi planlaşdyrylýar. Bu diskussiýanyň duşenbe güni geçirilen ilkinji duşuşygynda iki bäsdeş birek-biregine kemsidiji sözler aýdyp, bir-biriniň sözüni böldüler.

Trump we Klinton köp wagtdan bäri garaşylan duşuşygyň başynda birek-biregi bilen elleşip salamlaşdylar. Diskussiýanyň dowamynda Trump Klintona “sekretar Klinton” diýip ýüzlenen mahaly, Klinton ony “Donald” diýip atlandyrdy.

Şeýle-de, duşuşygyň çäginde 68 ýaşyndaky Klinton Trumpy saýlawlarda üstünlik gazanmak üçin “bolgusyz zatlary” aýtjak ýalançy adam hökmünde häsiýetlendirip, ony rus prezidenti Wladimir Putini Amerikanyň nyşanalaryna garşy kiber-hüjümleri amala aşyrmaga iteklemekde aýyplady.

XS
SM
MD
LG