Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan öz uçarlaryny Özbegistanda bejermegi planlaşdyrýar


"Türkmehowaýollary" kompaniýasynyň uçary.
"Türkmehowaýollary" kompaniýasynyň uçary.

Özbegistan we Türkmenistan türkmen uçarlarynyň tehniki gözegçiligini we bejergilerini “Özbegistan eýrweýz tehniks” howaýollary kompaniýasynyň bazasynda amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiligine garaýarlar.

Iki ýurduň arasynda agzalýan ugur boýunça hyzmatdaşlyk etmek meselesine 26-27-nji sentýabrda Daşkentde söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-özbek komissiýasynyň arasynda geçirilýän duşuşyklarda ara alnyp maslahatlaşyldy.

27-nji sentýabrda Özbegistanyň “Podrobno.uz” websaýtynda berilýän maglumata görä, duşuşygyň çäginde taraplar Türkmenistanyň demir ýol ulgamyna degişli enjamlaryň Daşkentiň wagon-gurluşyk we bejergi zawodynda döwrebaplaşdyrmak we bejermek işleri boýunça hyzmatdaşlygyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny bellediler.

Şeýle-de, türkmen delegasiýasy özüniň Özbegistana edýän saparynyň dowamynda “Nawoi” atly Erkin senagat ykdysady zonasyna we Samarkantdaky “MAN-awto Özbegistan” kompaniýasyna baryp gördüler.

XS
SM
MD
LG