Sepleriň elýeterliligi

Baku: Saýlawçylar prezidentlik möhletini uzaltmagy goldadylar


Azerbaýjanly saýlawçy ses berişige gatnaşýar.

Azerbaýjanly saýlawçy ses berişige gatnaşýar.

Azerbaýjanda saýlaw býulletenleriniň 72 prosenti sanalyp, onda azerbaýjanly saýlawçylaryň 90 prosenti prezidentlik möhletiniň bäş ýyldan ýedi ýyla çenli uzaldylmagyny goldady diýip, Bakuwyň Merkezi saýlaw komissiýasy yglan etdi.

Prezident Ylham Aliýewiň prezidentlik möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýän saýlawlaryň netijesi 27-nji sentýabrda Merkezi saýlaw komissiýanyň başlygy Mazahir Panahow tarapyndan mälim edildi.

Azerbaýjanda prezidentlik möhletini uzaltmak baradaky teklip, azerbaýjanly saýlawçylar 26-njy sentýabrda ses bermäge gatnaşmazdan ozal, konstitusiýa üýtgetmeleri girizmek barada teklip edilen 29 sany teklipnamanyň iň möhümidir.

Saýlawlaryň resmi netijeleriniň öňümizdäki aýda yglan edilmegine garaşylýar, emma Bakuwyň saýlaw komissiýasy käbir başlangyç netijeleri mälim edip, ses bermäge ilatyň 70 prosentine golaýynyň gatnaşandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG