Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak žurnalistiniň türme tussaglygyna höküm edilmegi soralýar


Mataýewleriň sud işine garaýan gazak prokurorlary.
Mataýewleriň sud işine garaýan gazak prokurorlary.

Gazagystanyň Astana şäherindäki prokurorlar Gazak žurnalistler birleşiginiň başlygyny we onuň ogluny has köp möhlet bilen türme tussaglygyna höküm etmäge çagyrdylar.

27-nji sentýabrda prokuror Eržan Kurakbaýew sudýadan Seitkazy Mataýewiň 6 ýyl 8 aý, onuň ogly we “KazTAG” habar agentliginiň direktory Aset Mataýewiň 6 ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegini sorady.

Seýitkazy Mataýew bidüzgünçilikde we salgyt galplygynda aýyplanyp, şu ýylyň fewral aýyndan bäri öý tussaglygynda saklanylýar. Onuň ogly hem bidüzgünçilikde aýyplanyp, mart aýynda öý tussaglygynda höküm edildi.

Mataýewleriň ikisi hem özlerine ýöňkelýän aýyplamalary ret edýärler. Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlar olaryň žurnalistika işine gaýtawul hökmünde toslama aýyplamalar esasynda sud edilýändigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG