Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: Howpsuzlyk gullugynyň 87 agzasy işden boşadyldy


Türkiýäniň polisiýa işgäri.

Türkiýäniň polisiýa işgäri.

Türkiýäniň hökümeti iýul aýynda bolan başa-barmadyk harby döwlet agdarylyşygy synanyşygynyň yzýany, “arassalaýyş işleriniň” bir bölegi hökmünde Döwlet howpsuzlyk gullugynyň 87 agzasyny işden boşatdy.

Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki “Anadolu” habar agentliginiň 27-nji sentýabrda beren maglumatyna görä, ýurduň Milli Aňtaw gullugynyň (MIT) 87 sany resmisi ruhany Fethullah Gülen bilen ilteşigi bolmakda güman edilip, wezipesinden boşadyldy.

Ankara Birleşen Ştatlarda ýaşaýan Fethullah Güleni ýurtda döwlet agdarylyşygyny guramalaşdyrmakda aýyplady. Gülen özüniň oňa gatnaşygynyň ýokdugyny aýdyp, aýyplamalary inkär edýär.

Şeýle-de, sişenbe güni Ankara şu ýylyň iýul aýynda ýapylan we Gülen bilen ilteşikli “Kimse Ýok Mu” atly haýyr-sahawat guramasynyň 121 işgärini tussag etmek barada karar çykardy.

XS
SM
MD
LG