Sepleriň elýeterliligi

Owgan armiýasynyň 12 agzasy öldürildi


Owganystanyň Milli armiýasy.

Owganystanyň Milli armiýasy.

Owganystanda armiýanyň 12 esgeri “Talyban” hereketi bilen ilteşigi bolmakda güman edilýän gullukdaşlary tarapyndan amala aşyrylandygy aýdylýan hüjümde öldürildi.

Owganystanyň demirgazygyndaky Gunduz şäheriniň ýokary derejeli polisiýa resmisiniň 27-nji sentýabrda beren maglumatyna görä, hüjümiň amala aşyrylan mahaly iki esger harby postdan gaçyp, gozgalaňçylaryň hataryna goşulypdyr.

“Talyban” hereketi ýörite beýanat çap edip, hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy we harby postdaky ýaraglaryň ählisiniň ele salnandygyny aýtdy.

Häzirki wagtda Owganystanyň Goranmak ministrligi wakany derňeýär.

XS
SM
MD
LG