Sepleriň elýeterliligi

Döwlet edaralarynda işgär sanyny azaltmak işi dowam edýär


Demirýol pudagynyň işgäri otlylary barlaýar, Aşgabat

Demirýol pudagynyň işgäri otlylary barlaýar, Aşgabat

Türkmenistanda adamlaryň köpçülikleýin işden çykarylmagynyň dowam etdirilýändigi barada dürli çeşmelerden maglumatlar gowuşýar.

Soňky maglumatlarda Türkmenistanyň Demirýol transport ministrliginiň ähli bölümlerinde işgärleriň sanynyň azaldylýandygy habar berilýär.

“Türkmen inisiatiwasy toparynyň” 26-njy sentýabrda çap eden maglumatynda, işgärleriň sanyny çäklendirmek çäresiniň sentýabryň ortalaryndan başlanyp, şu ýylyň aýagyna çenli işgärleriň 30% çemesiniň, şol sanda regional depolaryň tehniki işgärleriniň we ýolagçy otlularda prowodnikleriň işden boşadylmagynyň planlaşdyrylýandygyny habar berýär. Maglumatda aýdylyşyna görä, hususan-da, häzirki wagtda Aşgabadyň ýük-ýolagçy wagonlar deposynda inžener we tehniki işgärlerinden 15 adam işden boşadylypdyr. Üstesine, Türkmenistanyň demirýol pudagynyň işgärleriniň Türkmenistanyň beýleki döwlet edaralarynda bolşy ýaly eýýäm üç aý bäri zähmet hakynyň berilmeýändigi maglumatda bellenýär.

Aýlyk gijikdirilýär, işgär sany azaldylýar

Türkmenistanyň demirýol pudagynda işgärleriň işden boşadylmagy we aýlyklarynyň gijikdirilmegine degişli ýagdaý barada pudak edaralaryndan resmi maglumat alyp bolmady. Emma şeýle ýagdaý Türkmenistanyň beýleki pudaklarynyň ençemesinde ýylyň ikinji çärýeginden bäri dowam edip gelýär.

Aýlyklaryň gijikdirilmegi bilen bagly ýagdaýa ilki başda ýurduň nebit-gaz pudagynyň işgärleri duçar bolupdy, yz ýany esasan Lebap we Daşoguz welaýatlarynda bilim we saglygy saklaýyş pudagynyň işgärleriniň aýlyklary gijikdirilip başlandy. Şu günki gün Balkan welaýatynda bilim, saglygy saklaýyş pudaklarynyň we önümçilik edaralarynyň işgärlerine zähmet haklary azyndan iki aý gijikdirilip berilýär.

Balkana syýahat edýän ýazyjy Amanmyrat Bugaýew welaýatda aýlyklaryň diňe ýerli häkimlikler ýaly welaýat statusyna eýe bolan döwlet edaralarynda wagtynda berilýändigini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Bugaýewiň sözlerine görä, üstesine, regionda işgär sanynyň çäklendirilmegi dowam etdirilýär: “Meselem, nebit-gaz pudagyna degişli birnäçe döwlet kärhanasy tutuşlygyna ýapylyp, adamlar işsiz galan bolsa, beýleki pudaklarda işgärleriň sany azaldylýar ýa-da iş sagady çäklendirilýär. Işgärleriň sany azaldylmadyk birnäçe kärhanada iş wagty ýarym stawka geçirildi, iş wagtyny 4 ýa-da 6 sagada geçirenler hem bar. Käbir ýerde tutuş bir aýyň dowamynda işgärleriň biri işe çyksa, indiki aýda başgasy çykýar. Şeýdip, öz arasynda ylalaşyp, gezekleşip işleýärler”.

Türkmenistanyň döwlet edaralarynda işgärleriň zähmet haklarynyň gijikdirilmeginiň we işgär sanynyň azaldylmagynyň sebäpleri resmi taýdan düşündirilmeýär. Käbir edara resmileriniň işgärlere dil üsti bilen beren düşündirişlerinde, bu ýagdaýyň ýurduň banklarynda nagt puluň ýoklugy bilen baglydygy aýdylýar.

Kredit üçin bergili

Türkmenistanda aýlyklaryň gijikdirilmegi we iş sagadynyň, işgärleriň sanynyň azaldylmagy adamlaryň banklardan alan kreditleri boýunça hasaplaşmak ukybyna zeper ýetirdi.

Amanmyrat Bugaýew adamlaryň kredit boýunça töleglerini wagtynda üzlüşmedik meselesinde dürli kynçylyklara uçraýandygyny gürrüň berdi: “Türkmenistanda iň arzany 16% bankyň görýän peýdasy her ýylda, alan kreditiň üstüne goşulýar. Onsoň peni-de münýär, onsoň suda-da eltýärler üç aýdan geçse. Eger-de uly kredit bolsa, oňa girew goýlan zatlar alynýar, gapdalynda bir adam güwä geçmeli kredit alnan wagty, onsoň ol kredit alan üzlüşip bilmese, men üzlüşerin diýip şertnama gol çekýär”.

Türkmenistan barada maglumat çap edýän “Alternatiw täzelikler agentligi” Balkan welaýatynda nebit-gaz pudagyna degişli döwlet kärhanalarynyň ýüzlerçe işgäriniň gozgalmaýan emläk, awtoulag satyn almak ýa-da toý etmek üçin banklardan alan krediti üçin bergili bolup galandygyny habar berýär.

Maglumatda kärhanalaryň öz işgärleriniň krediti üçin aýlyklaryndan banklara geçirmeli pullarynyň geçirilmändigi habar berilýär we ençeme işgäriň munuň sebäbini hususan-da aýlyklaryň gijikdirilmeginde görýändigi aýdylýar.

“Kreditiň wagtynda tölenmändigi sebäpli bankyň maňa jerime salandygy ýakynda belli boldy, indi menden her aýda bergim üçin özümiň baryp, nagt pul berip gaýtmagym talap edilýär” diýip, neşir Türkmenbaşy şäherindäki çeşmesine salgylanyp habar berýär.

Türkmen ykdysadyýetçisi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň öňki başlygy Hudaýberdi Orazowyň pikirine görä, döwlet edaralarynyň öz işgärleri bilen hasaplaşmagynda dörän häzirki ýagdaý türkmen hökümetiniň ilatyň sosial üpjünçiligini däl-de, gymmatbaha proýektleri özüniň ileri tutýan ugury hasaplaýandygyny görkezýär.

Hudaýberdi Orazow: “Eger-de býujet edaralary ýa-da hökümet edaralary nebit-gaz pudagynda bolşy ýaly, aýlyk alyp bilmeseler iki-üç aýlap, şol wagtam, aýdaly, iki, üç milliardlyk aeroport gurulsa, bu nädogry ykdysady syýasat sebäpli şeýle ýagdaýyň dörändigini görkezýär. Halkyň öňünde hiç hili jogapkärçilik ýok, halk horlanýar, garyplykda ýaşaýar, olaram edenini edip ýörler. Bu döwletiň başynda duranlaryň hereketiniň netijesidir. Bir tarapdan aýlyk tölenenok, ikinji tarapdan bolsa her gün bir milliarda ony gurduk, iki milliarda beýlekisini gurduk diýseler, şeýle ýurtda pul ýok diýip bolýarmy? Bolmaýar”.

Aýlyklaryň gijikdirilmegi, iş orunlarynyň çäklendirilmegi we netijede banklardan alnan kreditler üçin hasaplaşmaga ukypsyzlyk bilen bagly soňky aýlarda ýüze çykan problemalaryň esasan şäher ýaşaýjylaryna we býujetden aýlyk alýan türkmenistanlylara täsir ýetirendigi sebäbi, oba ýaşaýjylarynyň onsuzam diňe öz ýetişdiren hasylyna garaşly bolýandygy, ýerli ilatyň uly böleginiň işsizdigi aýdylýar.

Türkmenistanda döwlet pudagynda işleýänleriň, ýurt boýunça işsizleriň sany, hatda ilat sanyny görkezýän resmi sanlar berilmeýär.

XS
SM
MD
LG