Sepleriň elýeterliligi

Klinton, Trump başa-baş çekeleşige girdi


Birleşen Ştatlarda prezidentlige dalaş edýän Hillari Klinton bilen Donald Trump.

Birleşen Ştatlarda prezidentlige dalaş edýän Hillari Klinton bilen Donald Trump.

Birleşen Ştatlarda prezidentlige dalaş edýän Hillari Klinton bilen Donald Trump ykdysadyýet we daşary syýasat boýunça başa-baş çekeleşige girdiler. 8-nji noýabra planlaşdyrylan saýlawdan bärde üç gezek geçmeli jedelleşigiň birinjisinde bäsdeşler birek-biregi kemsitmekden, birek-biregiň sözüni bölmekden hem saklanyp durmadylar.

26-njy sentýabrda Trump bilen Klinton telewideniýede 90 million çemesi adamyň tomaşa edendigi çaklanýan çekişmä başlamazdan öň elleşip salamlaşdylar. Diskussiýanyň dowamynda Klinton öz bäsdeşini "Donald" diýip atlandyrsa, Trump oňa "sekretar Klinton" diýip salgylandy.

Ýöne sypaýyçylyk bilen başlanan diskussiýa 68 ýaşly Klintonyň respublikan bäsdeşiniň joşgunly hüý-häsiýetine, onuň ynamdarlygyna hüjüm etmegi bilen aldym-berdimli çekeleşige öwrüldi.

"Sen öz döreden reallygyňda ýaşaýarsyň"

Klinton Trumpy prezidentlige saýlanmak üçin "bolgusyz zatlary" aýdýan hilegär adam diýip suratlandyrdy. Ony Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini Amerikanyň garşysyna kiber hüjümlerini amala aşyrmaga ruhlandyrýanlykda aýyplady.

Ol 70 ýaşly gurply biznesmen bolan Trumpa "sen öz döreden reallygyňda ýaşaýarsyň" diýdi.

Trump hem Waşingtondaky syýasatçylara şübheli garaýan halka özüniň bu topara degişli däldigini güjeňläp, öz aýdyşyna görä, Birleşen Ştatlaryň "güýjüni gowşadan, ony ruhdan düşüren" diýilýän syýasatçylary masgaralady.

Ol Klintony prezident Barak Obamanyň ýolbaşçylygynda döwlet sekretary bolup işlän öňki amerikan senatory diýip atlandyryp: "Tüýs syýasatçy. Diňe gep, iş ýok. Gowy gürlemäni bilýär, ýöne işlänok" diýdi.

Çekişmäniň esasy böleginde jedel ykdysadyýet we söwda syýasaty barada gitdi. Trump Klintonyň iş orunlarynyň daşary ýurtlara gitmegine sebäp bolan söwda ylalaşyklaryny goldaýanlykda aýyplady.

"Orsýet bolmagy mümkin, ýöne Hytaý bolmagy-da mümkin"

Klinton hem Trumpy orta we aşak gatlagyň hasabyna baýlary öňküden beter baýatjak salgyt syýasatyny goldamakda aýyplady.

Milli howpsuzlyk we daşary syýasat babatda Klinton kiber howpsuzlygy barada berlen soraga jogap berip, Orsýetiň Amerikanyň syýasy guramalaryna garşy kiber hüjümlerini amala aşyrandygy "şübhesiz" diýdi. Ol Trumpy Putini amerikan nyşanalaryna hüjüm etmäge "açyk çagyranlykda" aýyplady.

"Bu Orsýetiň weýrançylyk döredip, maglumat toplamakda ileri tutýan metodlarynyň biri" diýip, Klinton aýtdy.

Putini güýçli lider diýip atlandyran we özüniň Orsýet bilen bolan gatnaşyklary gowulandyrjakdygyny aýdan Trump Klintonyň aýyplamalaryna hüjümleriň aňyrsynda ýatanyň "Orsýet bolmagy mümkin, ýöne Hytaý bolmagy-da mümkin" diýip, jogap berdi.

"Birleşen Ştatlar bütindünýäniň polisiýasy"

Kiber howpsuzlygy boýunça ekspertleriň şeýle hem Birleşen Ştatlaryň resmileriniň pikiriçe, Demokratik partiýanyň resmilerini aljyraňňy ýagdaýa salan e-mailleri ýaýradan Orsýet. Maksat saýlawa täsir etmek.

NATO babatdaky diskussiýada Klinton Amerikanyň ýaranlaryny, şol sanda harby ýaranlygyň gündogar ganatynda ýerleşýän we Orsýet 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny zor bilen özüne birikdireli bäri aladalanýan döwletleri hem goldamagy wada etdi.

Ol: "Amerikanyň öz sözünde durmagy möhüm" diýdi.

Waşingtonyň NATO ýaranlygyna bagly bolmagynyň akylly işdigini sorag astyna alýan Trump bolsa "Birleşen Ştatlar bütindünýäniň polisiýasy" bolmaly däl diýdi.

XS
SM
MD
LG