Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan: Ses berijiler prezidente has köp ygtyýar berilmegini goldadylar


Azerbaýjan: Ses berijiler prezidente has köp ygtyýar berilmegini goldadylar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:39 0:00

Azerbaýjanlylar referenduma gatnaşýarlar.

Azerbaýjanda ses berijileriň 85% çemesi prezidentlik möhletini bäş ýyldan ýedi ýyla uzaltmagy goldady. Bakuwyň Merkezi saýlaw komissiýasy bu barada sesleriň tas 100% sanalandan soň habar berdi.

Komissiýanyň başlygy Mazahir Panahowyň 27-nji sentýabrda aýtmagyna görä, 26-njy sentýabrda geçirilen dawaly referendumda ses berijileriň 84.2% prezidentlik möhletiniň uzaldylmagyny makullapdyr, 9% garşy çykypdyr.

Prezidentlik möhletiniň üýtgedilmegi 2003-nji ýylda kakasynyň aradan çykmagyndan soň döwlet başyna geçen Ylham Aliýewe bu wezipede 2020-nji ýyla çenli galyp, 2018-nji ýylyň saýlawlaryny duşundan geçirmäge mümkinçilik dörediýär.

Ses berişligiň resmi ahyrky netijleriniň geljek aýa çenli yglan edilmegine garaşylmady, emma Bakuwyň saýlaw komissiýasy käbir deslapky netijeleri yglan edip, ses berijileriň gatnaşyk derejesiniň 70% bolandygyny aýtdy.

Konstitusion kanunlar boýunça ýewropaly bilermenleriň topary bolan Wena komissiýasy prezidentlik möhletiniň uzaldylmagynyň syýasy başga pikirliligi gowşatjakdygyny belläpdi. “Teklip edilen üýtgetmeleriň ençemesi güýç deňagramlylygyny bozar hem-de prezidente öň görlüp-eşidilmedik derejede häkimiýet berer” diýip, toparyň beýannamasynda aýdylýar.

Ýewropa Komissiýasynyň Parlament Assambleýasynyň gözegçilik missiýasynyň başlygy Aleksandar Nikolskiniň 27-nji sentýabrda Bakuwda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda, häkimiýetleri Wena Komissiýasynyň gelen netijelerine hormat goýmaga çagyrdy.

Orsýetiň habar agentlikleri ses berijileriň pikirleriniň esasynda gelnen netijeleri hem çap edip, nebite baý ýurtda geçirilýän referendumyň Aliýewiň we onuň maşgalasynyň häkimiýetini pugtalandyrmak we başga pikirliligi çäklendirmek maksatly geçirilýändigi aýdylyp, halkara derejesinde edilen tankytlara garamazdan, ses berijileriň konstitusion üýtgeşiklikleri biragyzdan makullandygyny habar berdiler.

54 ýaşly prezident ýedi ýyllyk möhlete yzygiderli saýlanmak hukugyna eýe bolar. Prezident wezipesine saýlanmagy san taýdan çäklendirýän düzgünler 2009-njy ýylda ýatyrylypdy. Beýleki bir üýtgeşiklik, prezident wezipesine, şeýle-de parlamentiň agzasy bolmaga dalaş edýän raýatyň minimal ýaşyna degişli talaby 25 ýaşdan 18 ýaşa üýtgedilýär.

Täze düzgün Aliýewiň maşgalasyna ýaşlykdan mirasdüşeri taýýarlamaga mümkinçilik berer.

TASS we Interfaks agentlikleri ses berijileriň Aliýewiň milli parlamenti Mejlisiň agzalaryny bellemäge we çetleşdrimäge ygtyýar berilmegini hem makullandygyny habar berdi.

Oppozision toparlar referendumyň öň ýanynda protest geçirdiler.

XS
SM
MD
LG