Sepleriň elýeterliligi

Eýranly zenanlar welosiped gadaganyndan nägile


Eýranda welosipedli zenanlar, 2011

Eýranda welosipedli zenanlar, 2011

Eýranda zenanlaryñ jemgyýetçilik ýerlerinde welosiped sürmegini gadagan edýän petwa berlipdir. Eýranly zenanlar bolsa oña güýçli nägilelik bildiripdirler.

Olar muña protesto hökmünde "Facebook" sosyal ulgamynda döredilen ýörite sahypalarynda, welosiped sürüp ýörkä düşürilen suratlay halk köpçüligine hödürläpdirler.

Ýurduñ ruhany lideri Aýatollah Ali Hamaneýi golaýda eden çykyşlarynyñ birinde, zenanlaryñ köpçülik ýerinde welosiped sürmeginiñ gadagandygyny bildiripdir.

Aslynda bu tema şu ýylyñ başynda aktiwistleriñ "Awtoulagsyz çarşenbe agşamy" kampanýasyny başladan mahaly gün tertibine gelipdir.

Şeýle kampaniýanyñ üsti bilen şäher howasy mundan beter hapalanmaz ýaly, adamlary daşaryk awtoulagsyz çykmaga höweslendirmek maksat edinilipdir.

Zenanlaryñ bu kampaniýa welosiped bilen gatnaşyp, goldaw bermegini käbir ruhany ýolbaşçylar halamandyr.

Bir gyzyñ ejesi bilen bilelikde welosiped sürüp ýorkä düşen wideosyna "Facebook" sosyal ulgamynda 98 muñ duýgydaşlyk bildirilipdir.

Kampaniýanyñ Nýu-Ýorkda ýaşaýan zenan guramaçysy Masih Alinejadyñ aýtmagyna görä, zenanlar boýun bolmak islemeýárler. Çünki welosiped sürmegi olar özleriniñ kanuny hak-hukugy hasap edýärler.

Alinejad 21-nji asyrda zenanlara garşy şeýle görnişde petwa berilmegini aýyp hasaplaýar.

Eýranda welosipedli zenan, 2011

Eýranda welosipedli zenan, 2011

"2016-njy ýylda bir aktiwist zenanlar toparynyñ jemgyýetçilik ýerlerinde welosiped sürmegi sebäpli, tussag edilendigini ýa-da bu işi gaýdyp etmejegi barasynda dilhat ýazmaga mejbur edilendigini eşitmek ylalaşar ýaly bir ýagdaý däldir. "Instigram" sosýal ulgamdaky sahypamda eýranly zenanlara raýdaşlyk bildirdim. Ondan soñ olardan gaty köp şeýle suratlar we wideolar gelip gowuşdy. Olar bolan waka ör-gökden gelip, nägilelik bildirmek isleýärler" diýip, ol nygtapdyr.

Masin Alinejad Eýranyñ jenaýat kodeksinde welosiped sürenler barasynda hiç bir jeza çäresiniñ ýokdugyny ýatladyp, emma muña garamazdan zenanlara garşy çykyş edilýändigini belleýär: "Eýranyñ zenanlary jemgyýetde işjeñ orun almak isleýärler. Emma bu ruhanylar üçin uly howp hasaplaýar. Çünki olaryñ pikirine görä, zenan köpçülik ýerlerinde görünmeli däl, zenanyň sesi eşidilmeli däl, sümülip basyrynyp oturmalydyr”.

Alinejad sözlerini şeýle jemläpdir: "Göreşmek taryhy prosesdir we Ýewropa bilen ABŞ-da zenanlar şeýle maksatlaryna ýetipdirler. Eýranyñ zenanlaryna hem bu nesip eder".

XS
SM
MD
LG