Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň sürüjisiz uçaryndan raýatlaryň heläk bolandygy aýdylýar


ABŞ-nyň howa güýçleriniň MQ-9 sürüjisiz uçary, Kandagar howa bazasy, Owganystan, 9-njy mart, 2016.

ABŞ-nyň howa güýçleriniň MQ-9 sürüjisiz uçary, Kandagar howa bazasy, Owganystan, 9-njy mart, 2016.

ABŞ-nyň sürüjisiz uçarynyň gündogar Owganystanda amala aşyran bolmagy güman edilýän hüjümi zerarly ilat arasyndaky adam pidasy barada gapma-garşylykly maglumatlar gowuşýar.

AP agentligi 28-nji sentýabrda Nangarhar welaýatyndan kanun çykaryjy Esmatullah Şinwarini sitirläp, hüjümiň netijesinde bir ýaşaýyş jaýa zarba urlup azyndan 13 adamyň ölümine sebäp bolandygyny habar berdi. Bu jaýda ýerli tire-taýpanyň lideriniň haj zyýaratyndan Saud Arabystanyndan gaýdyp gelmegini bellemek üçin adamlaryň jemlenendigi aýdyldy.

Şinwari tire-taýpanyň lideriniň we ýene 11 adamyň hüjümde ýaralanandygyny aýtdy.

Şol bir wagtda-da ýerli polisiýanyň başlygy Mohammed Alini sitirläp, berlen maglumatlarda hüjümiň netijesinde 18 adamyň, şol sanda “Yslam döwleti” toparynyň 15 söweşijisiniň we üç raýatyň heläk bolandygy habar berildi.

ABŞ-nyň Owganystandaky harbylarynyň metbugat-wekili “Nangarhar welaýatynyň “Arçin etrabynda terrora garşy zarbalary” tassyklady we parahat ýaşaýjylaryň arasyndaky pidalar barada maglumatlaryň derňelýändigini aýtdy.

Owgan we amerikan güýçleri etrapda ençeme aý bäri YD toparynyň söweşijilerine garşy söweşip gelýärler. ABŞ-nyň howa hüjümleriniň netijesinde ýaşaýjylaryň heläk bolýandygy barada maglumatlar ABŞ-nyň we Owganystanyň hökümetleriniň arasynda güýçli dartgynlylyga sebäp bolýar.

XS
SM
MD
LG