Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Derňew MH17 uçarynyň rus raketasyndan urlandygyny aýdýar


Birleşdirilen derňew topary (JIT) Malaýziýanyň howa ýollarynyň MH17 uçarynyň heläkçiligi boýunça derňewleriň netijelerini yglan edýär, Nieuwegein, 28-nji sentýabr, 2016.
Birleşdirilen derňew topary (JIT) Malaýziýanyň howa ýollarynyň MH17 uçarynyň heläkçiligi boýunça derňewleriň netijelerini yglan edýär, Nieuwegein, 28-nji sentýabr, 2016.

MH17 uçaryň heläkçiliginde pida bolanlaryň garyndaşlary ýolagçy uçaryň gündogar Ukrainada separatistleriň gözegçiligindäki territoriýadan “Buk” sistemasyndan oka tutulandygyny halkara jenaýat derňewiniň anyklandygyny habar berdiler.

28-nji sentýabrda Birleşdirilen derňew toparynyň (JIT) resmileri bilen geçirilen şahsy duşuşygynyň yzýany Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Robbie Oehlers we Piet Ploeg “Buk” raketaly sistemanyň Ukraina Orsýetiň territoriýasyndan alnyp barylandygynyň, MH17 uçarynyň oka tutulmagyndan gysga wagtdan soň yzyna Orsýete äkidilendiginiň anyklanandygyny aýtdylar.

Oehlers uçar heläkçiliginde doganoglanyny, Ploeg doganyny ýitirdiler.

Malaýziýanyň howa ýollarynyň uçary 2014-nji ýylyň 17-nji iýulynda Amsterdamdan Kuala Lumpura barýarka gündogar Ukrainada oka utulyp, heläkçilige uçrady. Uçaryň 298 ýolagçysynyň we ekipaž agzalarynyň ählisi wepat boldy.

Orsýet separatistleri şeýle ýaraglar bilen üpjün edýändigini ret edýär we MH17 uçarynyň Ukrainanyň güýçleri tarapyndan urlup ýere gaçyrylandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG