Sepleriň elýeterliligi

Taryk Akan: “97 ýaşymda, ýatyp gapyllykda ölerin”


Taryk Akan

Taryk Akan

“Türkiýede diniň syýasata çakdanaşa derejede aralaşmagy alada döredýär. Liberallyk bolmasa, demokratiýa hem bolmaz”.

Türk kinosynyň tanymal aktýorlaryndan biri bolan Taryk Akan 16-njy sentýabrda gije sagat birde dünýeden ötüpdir. Ol gaty agyr keselden ejir çekipdi. Ýaşlygynda gaty köp kinofilmlerde surata düşen aktýor, garrap başlan mahaly kinodan daşlaşypdy. Ol iň soňky gezek 2009-njy ýylda kinoda surata düşüpdi. Ol ömrüniň ahyrky ýyllaryny Stambulda, özüniň hususy eýeçiligindäki “Daş” atly leseýde geçiripdi.

“Okuw zaly” Taryk Akanyň mundan iki ýyl öňki Türkiýäniň “Posta” (Poçta) atly gazýetine beren interwýusyny köpçülige hödürleýär.

– Häzirki döwürde telewideniýede owalky kinolaryňyzy gören mahalyňyz utanýaňyzmy?

– Ýok, beýle duýgyny hiç wagt başdan geçirmedim. Olar hem öz döwründe gowudy we gaty gyzyklydy... Emma soň meniň maksadyma gabat gelýän başga işler has köp ünsümi özüne çekdi.

– Nähili işler?

– “Magdan” atly kinofilmi surata düşürdim. Ssenariýasy diýseň täsindi. Režissýor, Jüneýt Arkyn bilen bilelikde baş rolda oýnamagymy teklip etdi. Ilkinji gezek başga biri bilen esasy roly paýlaşmaly boldum... Bir gün oýlandym we soň “ýagşy” diýdim. “Goý, Jüneýt adyny isläni ýaly ýazdyrsyn”. Iki kino ýyldyzy bir rolda birleşdi.

– Boş geçen bir ýylyň dowamynda bar puluňy sowup, soň bu kinofilmi nädip surata düşürdiňiz?

– Bir lira hem pul galmandy. Egeý sebitine gitdik. Entek surata düşürilmedik, taýýar bolmaýan bir kinofilmi satdym. Ondan soň Adana, merkezi Anatoliýa sebitine gitdim. Hemmesine kepillendiriş edarasyndan güwanama alyp, soň kinofilmimi satdym. Ýöne şol wagta çenli kinofilm surata düşürilmändi. Hemmelere “Jüneýt Arkyn bilen men bilelikde rol alýaryn” diýip, şertnamany görkezýärdim welin, gep-gürrüň galmaýardy, wessalam.

– Diýmek, size şeýle ynam bildiripdirler!

– Elbetde. Kepilendiriş edaralaryndan alan bir halta güwanamalarym bilen yzyma – Stambula gaýtdym. Bir ermeni dostumyz bardy. Bütin güwanamalary oňa berdip, hemmesini pula öwürdik. Şol wagt Energiýa ministri bolan Deniz Baýkalyň ýanyna gidip, Tunçblek diýen ýerde “Magdan” atly kinofilmi surata düşürmek isleýändigimizi aýtdyk. Ol hem elinden gelen kömegi berdi.

– “Magdan” atly kinofilmden nähili serpaýlar aldyňyz? Bu siziň öndürjiligiňizi hasam artdyrdymy?

– Bu barada hiç pikir etmedim. Ýöne sungat we kinofilm ugrunda elimden gelenini berjaý etmäge çalyşdym. Özümi ýörite hyzmata bagyş eden adam ýaly hasaplaýaryn. “Magdan”, “Süri”, “Ýol” we “Pälwan” atly kinofilmlerde şeýle duýgyny başdan geçirdim.

– Öz döwrüňizde bütin zenanlaryň iň gowy görýän aktýory bolduňyz. Bu nähili bir duýgy?

– “Bäý, bäh! Men gör nähili ýaman adam ekenim!” diýýärdim ýygy-ýygydan öz-özüme. Elbetde, bu kämahal meni gaty hoşal edýärdi. Emma bu käre başlanyňdan soň, bir-iki ýylyň içinde daş keşbiň bir manysy galmaýar. Bar güýjüň bilen öz ukybyňyzy we ökdeligiňizi görkezmeli bolýarsyňyz, wessalam!

– Şol döwürde durmuşyňyzda söýgi ýagdaýy nähilidi?

– Kinofilmden owal Ataköýde deňiz kenarynda halas ediji bolup işleýärdim we ol ýerde gyzlaryň köpüsi meni diýseň halaýardy. Dogrusyny aýtsak, menem gyzlaryň hemmesini halaýardym! Artist, aktýor bolup meşhurlyk gazanmazdan owal bütin zenanar meni gaty gowy görýärdi aslynda (Gülýär).

– Daş keşbiňiziň şowlulykdaky roly nähili?

“Hababam klasy” kinofilminden bir görnüş. Taryk Akan, Halit Akçatepe, Kemal Sunal.

“Hababam klasy” kinofilminden bir görnüş. Taryk Akan, Halit Akçatepe, Kemal Sunal.

– Elbetde, kinofilm sungatynyň ortarasyna dik uçar bilen düşen mahalym daşky keşbimiň hem ullakan kömegi boldy. Ylaýta-da üç ýyllap “Arzu film” kinostudiýosunda bu ýagdaý dowam etdi. Şol mahal “Hababam klasy”, “Biziň maşgalamyz” we “Mawy monjuk” atly kinofilmlerde surata düşdüm. Şol döwürde aktýorlykdan hem kän başym çykmaýardy.

– Aktýorlykdan owal näme iş bilem meşgullanýardyňyz?

– Bakyrköýde söwda-satyk edýärdim. Soň deňiz kenarynda halasgärçilik bilen meşgulandym... Ýagdaýym kän öwerlikli däldi. Uniwersitet üçin sowalgamy zordan tapýardym. Pul gazanmak üçin, kinofilm sahnasyna gitdim we “Ses” žurnalynyň gurnan bir bäsleşigine gatnaşdym. Şol mahal Maşyngurluşygy fakultetinde okaýardym. Soň fakultetimi üýtgedip, žurnalistika geçdim. Ýokary bilimimi şeýdip, bu ugurda tamamladym. Şol döwürde žurnalistika okamak aňsatdy. Harby gulluk gelen mahaly hem edil harby işgär ýaly gidip-gelýärdim.

Sapaklarymyň hemmesine gatnaşmaga hökmanlyk ýokdy. Soň aktýorlygyň hem şeýle gaty aňsat iş däldigine göz ýetirdim. Özümi hasam kämilleşdirmegi maksat edindim. Gaty uly jogapkärçilikli işdi. Ýaşyň ulalan mahaly eden işleriň barasynda özüňi tankyt edýärsiň. Pul gazanmak üçin giren işim soň durmuşyma öwrüldi.

– Maşgalaňyzyň bu ugurda size kömegi boldumy?

– Kakam harbydy. Çagalygym Anatoliýada geçdi. Kars, Erzurum, Kaýseri... Deňzi ikinji gezek 14 ýaşymda gördüm. Ynha meniň ykbalym! Ýurdy bir ujyndan beýleki ujuna çenli gezip gören mahalyň, isleseň-islemeseň adamlaryň durmuş şertlerini hem öwrenýärsiň. Maşgalamyň maňa beren kömegi hut şeýle baý dünýägaraýyşa eýe etdi. Kakam 97 ýaşynda aradan çykdy. Ol üç urşa gatnaşypdy. Kakam hem Atatürke çäksiz hormat goýýardy.

– Siziň ýaly gowy aktýoruň “Arzu film” kinostudiýosy bilen nädip sözi azaşdy?

– Kinostudiýonyň ýolbaşçysy Ertem agady. Ol hemişe gaty köp adamyň ünsüni özüne çekjek kinofilmleriň tarapdarydy. “Ýa şeýle kinofilm surata düşürersiň, ýa-da sen bolmarsyň” diýýärdi. Ýöne dogrumy aýtsam bir gezegem meniň göwnümi ýykmady. “Janym doganym” atly kinofilmi surata düşürdik. Ol muny diňe meniň göwnüme ýaramak üçin edipdi. Ol hem girdeýji getirmedigi üçin, meniň bilen könelen kinofilm dünýägaraýşy çäginde işleşmegi goýbolsun etdi.

– Köpçüligiň ünsüni özüne çekýän kinolaryň oňaýsyz nähili tarapy bar? Mysal üçin “Hababam klasy” atly şeýle kinofilm gowy dälmi? Näme üçin halamadyňyz?

Türk aktýory Taryk Akan azerbaýjanly aktýorlar Hasan Mammedow we Rasim Balaýew bilen bilelikde

Türk aktýory Taryk Akan azerbaýjanly aktýorlar Hasan Mammedow we Rasim Balaýew bilen bilelikde

– Men özümi ol flmlere kybapdaş adam hasap etmeýärin! Meniň hakyky durmuşym beýle däl ahbetin. Men has köp halkyň arasynda bolmagy we olar ýaly ýönekeý görnüşde ýaşamagy halaýaryn. Ýadymda galyşyna görä, serpaý alan ähli kinofilmlerim “Arzu film” kinostudiýosyndan aýrylanymdan soň surata düşürilen kinolardy.

– Günüňizi nähili geçirýärsiňiz?

– Säher bilen ukudan oýanyp, maşk edýärin. Her gün 1 kilometr ýöreýärin. Soň işleýän mekdebime gidýärin (Taryk Akan “Daş” atly liseýiň eýesidir). Soň agşam Beýoglyna gidip içýärin we o taýdanam öýe gaýdýaryn.

– Owalky durmuşyňyz üçin ahmyr edýäňizmi? Mysal üçin, seýilgähde bir oturgyçda oturyp, “owal kimdim, indi kim boldum?” diýip, oýlanýan wagyňyz bolýarmy?

– Ýok. Indi döwür üýtgedi. Menem we bizem üýtgedik... Indi köne, owalky Taryk Akan ýok. Kämahal öz-özüme: “Stambul haçan betgelşik boldy?” diýýärin. Durmuşdan her bir islän zadymy aldym we islän zadymy hem berdim. Indi ömrüm ötýänçä ýetjek käbir işlerim hem bar.

– Geljekde size nähili durmuş garaşýar?

Taryk Akanyň ýaşlyk ýyllary

Taryk Akanyň ýaşlyk ýyllary

– Muny bilemok. Men haçan we nähili öljegimem bilemok...

– Hudaý saklasyn diýeweriň!

-– Walla, bilemok. Belki, meni hyjuwlandyrjak aktiwistler döräp biler. Emma häzirlikçe bilemok. 97 ýaşymda, ýatan ýerimde gapyl ölmeli bolarynmy, onam blemok. Demim birden kesiler we tarpa-taýyn giderin!

– Näme üçin 97 ýaş? Bu size şowlulyk getirýän sanmy? Belki, siziň ölümiňiz bilen arabaglanşykly bolany üçin şowsuz sandyr?..

– Ýok, bu meniň kakamyň dünýeden öten ýaşy... Gaty gowy bilýärin, menem şol ýaşda ölerin. Isleseň saňa öljek wagtymyň sagadyny hem aýdyp bererin, ýagny gaty takyk bilýärin.

– Türkiýede sizi iň köp näme biynjalyk edýär?

– Türkiýede diniň syýasata çakdanaşa derejede aralaşmagy biynjalyk edýär. Liberallyk bolmasa, demokratiýa hem bolmaz. Dünýäniň hiç bir konstitusiýasynda bu iki zat bilelikde däldir. Aç-açan gönümel aýdylmaýanam bolsa muňa rugsat berilýän däldir, ýagny bu gadagandyr. Munuň üçin biz günäkär däldiris. ABŞ bilen ÝB-niň bize erk etmegi sebäpli şeýle ýagdaý bolýandyr.

– Ýagny, muny biraz düşündirseňiz?

– Ynanç, din adamyň şahsy durmuşydyr...

– Siz ynançly adammy?

– Ejem günde 5 wagt namaz okardy. Ýöne şol bir wagtyň özünde bezenip-beslenip, makiýaž edýärdi, saçyna hem boýag edýärdi. Enem hem hut şeýledi. Gyz jigim hem günde bäş wagtyny okaýar. Men şeýle maşgalanyň agzasy. Ynançly adamlaryň hemmesine hormatym çäksiz. Emma din syýasatyň içine sokulan mahaly derrew muňa garşy çykýaryn. Diňe yslam hakda däl, şol bir wagtyň özünde haçparazlyk barada hem şol garaýyşa eýedirin.

– “Gezi” hadysalary bilen baglanyşykly nähili pikir edýärsiňiz?

– Türkiýede henizem Atatürkiň tarapdary hem janköýeri bolan ýaşlar bar. Olaryň sany gaty azam bolsa, olar bir gysym hem bolsa, ýagşy niýet bilen ol seýilgähde protest geçirdiler. Umuman alynanda, her bir ýetginjek ýöne ýere aýaga galyp, protest geçirmez. Ol ýaşlaryň ene-atalary bar we olaryň hem kämilleşdiren “Oba institutlary” bar... Serediň, hut olaryň çagalary “Gezi” protesti üçin jemlenişdiler. Ýurduň henizem käbir esasy damarynyň ýapylmandygyny we işleýändigini görýärin. Meniň pikrime görä “Gezi” hadysalary taryhyň möhüm hadysalarynyň biridir.

– Siziň aýdyşyňyza görä, olaryň hemmesi ýagşy niýet bilen protest etdiler we hiç hili prowakasiýa, ýagny öjükdirme ýokdy. Şeýlemi?

– Ol ýerde dürli syýasy garaýyşlara eýe bolan ýaşlar bardy. Olaryň arasyna goşuldym we olar bilen gürrüňdeş boldum. Olar ýürekden ynanyp hereket edýärdi. Esasy mesele iki agaçdan ybarat däldi. Bu aslynda ýurdy patyşalyk ýaly dolandyrmak isleýänlere garşy halk köpçüliginiň bildiren nägileligidi. “Gezi” protesti hökümetiň ähli eden-etdiliginiň bir ýere üýşüp, suwy seňrikden aşyran ýeri boldy.

XS
SM
MD
LG