Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkan: 'Meýletin salgytlar' zerarly hususy kärhanalaryň ençemesi ýapyldy


Balkan welaýatynda ençeme hususy kärhana ýapyldy
Balkan welaýatynda ençeme hususy kärhana ýapyldy

Soňky aýlarda Türkmenistanda, hususan-da Balkan welaýatynda hususy eýeçilikdäki firmalaryň ençemesi öz işini togtatdy. Bu kompaniýalaryň biznes işini bes edýändigi barada ýerli metbugatda bildiriş görnüşinde maglumat berilse-de, olaryň sebäpleri aýdyňlaşdyrylmaýar.

Ýapylan firmalar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigine agza kärhanalar bolup, olaryň aglabasy döwletiň tabşyrygy esasynda gurluşyk işlerini alyp barýardylar. Olardan “Kuwwatly ymarat”, “Şazada” we “Binagär” ýaly hususy firmalary agzasa bolar.

Sözümiziň başynda hem belleýşimiz ýaly, onlarça hususy kärhananyň birdenkä işini togtatmagynyň sebäpleri barada jemgyýetçilige hiç hili maglumat berilmeýär. Emma bu ädim golaýda Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň özüne agza kärhanalaryndan 2017-nji ýylda geçiriljek Aziýa oýunlary üçin, “meýletin” görnüşde pul hemaýatyny etmelidigi baradaky görkezmesiniň yz ýanyna gabat geldi.

“Meýletin salgyt”

Ýapylan kärhanalaryň ençemesiniň ozalky ýolbaşçylary efirde atlarynyň tutulmazlygyny sorap, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolanynda, öz işlerini togtatmagyna salnan “meýletin salgydyň” sebäp bolandygyny aýtdylar.

“Biz döwlet edarasy bilen baglaşylan şertnamalar esasynda buýurmalary ýerine ýetirýärdik. Bizden her aýda azyndan 50 müň amerikan dollary möçberinde pul serişdesini döwletiň haýryna geçirmegimizi islediler. Käbir iri firmalar ondan hem köp 100 müň amerikan dollary möçberinde pul serişdesini geçirmäge mejbur boldular. Onsoň özümize galýan girdejiniň mukdary ujypsyzja bolany sebäpli, firmamyzy ýapmaly bolduk” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran balkanabatly öňki hususy firma ýolbaşçysy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, her bir kärhananyň döwlet haýryna geçirmeli bolýan pul serişdesi dürli-dürli bolup, ol firmanyň döwlet bilen baglaşan şertnamasynda göz öňünde tutulan maliýe serişdesiniň möçberine görä kesgitlenilýär.

Telekeçileriň “boýnuna dakyldy”

Käbir öňki kärhana eýeleri ýurtda iri we orta telekeçileriň hem-de biznesmenleriň Aziýa oýunlarynyň çykdajylary üçin, döwletiň haýryna meýletin-mejbury serişde geçirmek boýunça talabyň geçen ýyldan başlanandygyny, emma şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanda Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň döredilmegi mynasybetli geçirilen dabaralardan soňra munuň mejbury ýagdaýda telekeçileriň “boýnuna dakylandygyna” ünsi çekýärler.

Şol dabaralara gatnaşan käbir işewürleriň we biznesmenleriň aýtmagyna görä, çäräniň dowamynda dünýäde energiýa nyrhlarynyň arzanlamagynyň türkmen ykdysadyýetine hem täsir ýetirendigi boýun alnypdyr.

Şondan birnäçe gün soň, TSTB-niň başlygy Aleksandr Dadaýew ýurduň iri we orta derejeli biznesmenleri bilen ýörite duşuşyk geçirip, şunuň ýaly kynçylykly döwürde “watana we prezidente kömek bermek” meselesini gozgap, olaryň her biriniň görkezilen bank hasabyna 100 müň amerikan dollary möçberinde serişde geçirmegini talap edipdir.

Aziýa oýunlaryna edilýän çykdajylar

Türkmenistanda geljek ýylda geçiriljek Aziýa oýunlaryna niýetlenip, 157 gektar territoriýany tutýan ýörite olimpiýa şäherçesi gurulýar. Gurluşygyna 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda başlanan bu şäherçe üçin, 5 milliard amerikan dollary möçberinde maliýe serişdesi çykarylýar.

Şeýle-de, bu oýunlara görülýän taýýarlyklaryň çäginde şäheri, köçeleri we binalary abadanlaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Emma bu işler üçin edilýän maliýe çykdajysy barada resmi taýdan anyk maglumat berilmeýär.

Sözümiziň ahyrynda aýtsak, Azatlyk Radiosyna öňki hususy kärhana eýeleriniň meselesi barada, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginden maglumat almak başartmady.

XS
SM
MD
LG