Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara topar MH17-niň Orsýetiň raketasyndan urlandygyny aýdar


Ukrainanyň halas ediş toparynyň işgärleri MH17 uçar heläkçiliginde pida bilanlaryň jesetlerini daşaýarlar.
Ukrainanyň halas ediş toparynyň işgärleri MH17 uçar heläkçiliginde pida bilanlaryň jesetlerini daşaýarlar.

Malaýziýanyň howa ýollary kompaniýasyna degişli MH17 belgili uçaryň heläkçiliginde pida bolanlaryň garyndaşlary ýolagçy uçaryň Gündogar Ukrainada separatistleriň gözegçiligindäki territoriýada, “Buk” sistemasyndan oka tutulandygyny halkara jenaýat derňewiniň anyklandygyny aýdýarlar.

Birleşdirilen derňew toparynyň (JIT) ýolbaşçysy we Niderlandlaryň baş prokurory Fred Westerbek 28-nji sentýabrda golland şäheri Niuwegeinde çykyş edip, derňewleriň MH17 uçarynyň ýykylmagy bilen baglanyşykly bolaýmagy mümkin beýleki ähli düşündirişleri aradan aýyrandygyny aýtdy.

Westerbek öz jenaýat deňewleriniň kynlaşdyrylmagyndan alada edip, häzirlikçe öz derňew netijeleriniň ählisini aýan edip bilmejekdigini belledi.

Malaýziýanyň howa ýollarynyň uçary 2014-nji ýylyň 17-nji iýulynda Amsterdamdan Kuala Lumpura barýarka, Gündogar Ukrainada oka tutulyp, heläkçilige uçrady. Uçaryň 298 ýolagçysynyň we ekipaž agzalarynyň ählisi wepat boldy.

Çylşyrymly animasion wideo

Birleşdirilen derňew topary (JIT) “Buk” sistemasynyň pajygaly waka bolmazdan ozal Ukraina getirilendigini we şondan gysga wagt soň gaýtadan Orsýete alnyp gidilendigini mälim etdi.

Şeýle-de, bu topar metbugat ýygnagynda 2014-nji ýylda düşürilen suratlardan we wideolardan ybarat 10 minutlyk çylşyrymly animasion wideony görkezdi. Onda “Buk” sistemasynyň Ukraina getirilişi we Snižne şäherçesiniň golaýynda ýerleşdirilişi görkezilýär.

Soňra ýygnakda raketanyň uçurylýandygy barada audio we suratly deliller hödürlenip, ondan soň şol “Buk” sistemasynyň diňe üç raketa bilen Luganksdan Orsýete alnyp gidilýändigi görkezildi.

Mundan ozal Gollandiýanyň howpsuzlyk geňeşiniň çykaran raportynda hem MH17-niň Ukrainanyň separatistleriň kontrollygyndaky territoriýasyndan atylan “Buk” raketasy esasynda urlup ýykylandygy tassyklandy.

“Täze” radar maglumatlar

Moskwa Ukrainanyň gündogaryndaky söweşijileri şeýle ýaraglar bilen üpjün edendigi baradaky maglumatlary ret edip, MH17-niň urlup ýykylmagyna özüniň hiç hili gatnaşygynyň ýokdugyny aýtdy.

26-njy sentýabrda Orsýetiň Goranmak ministrligi separatistleriň kontrollygyndaky territoriýadan hiç hili raketanyň atylmandygyny görkezýändigi aýdylýan “täze” radar maglumatlaryny köpçüligiň dykgatyna hödürledi.

Birleşdirilen derňew toparynyň geçiren metbugat konferensiýasyndan sähel wagt öň, Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow Moskwada žurnalistleriň öňünde çykyş edip, bu toparyň “soňky maglumatlary” hem göz öňünde tutmalydygyny aýtdy.

Birleşdirilen derňew toparynyň resmisi Orsýetiň gürrüňi edýän maglumatlary öz derňewçilerine hödürlemändigini we onuň gözden geçirilmändigini belledi.

XS
SM
MD
LG