Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaşmir: Pakistan öz esgerlerini öldürmekde Hindistany aýyplady


Hindistanyň serhetçileri, Hindistanyň we Pakistanyň serhedi, Abdulian
Hindistanyň serhetçileri, Hindistanyň we Pakistanyň serhedi, Abdulian

Pakistan dawaly Kaşmir regionynda özüniň iki esgeriniň Hindistanyň harbylary tarapyndan öldürilendigini aýdýar.

Harbylar pakistanly esgerler geçen gije göz öňünde tutulýan serhetde “Hindistanyň prowokatiw oduna ýagdaýa görä jogap berdiler”, diýip 29-njy sentýabrda aýtdylar.

Maglumata görä, ok atyşyk Bhimber, Kel, we Lipa atly obalaryň golaýynda alty sagada golaý wagtyň dowamynda bolupdyr.

Premýer-ministr Nawaz Şarif Hindistanyň harbylaryny aýyplady.

Şol bir wagtyň özünde-de Hindistanyň harbylary şäherçelerde geçirilmegi planlaşdyrylan hüjümleriň öňüni almak boýunça “dykgat bilen zarba” urandygyny aýtdylar.

“Şol terrorçylara we olara ýardam bermäge synanyşanlara uly zyýan ýetirildi”, diýip general-leýtenant Ranbir Singh aýtdy.

1947-nji ýylda Britaniýanyň häkimiýetiniň tamamlanmagyndan soň Pakistanyň we Hindistanyň arasynda bölünen Kaşmirde iki ýurduň arasynda ýygy-ýygydan ok atyşyklar bolýar.

Ýurtlaryň ikisi-de dawaly Gimalaýi territoriýasyny özüniňki hasaplap iki sany uruşy başdan geçirdi.

XS
SM
MD
LG