Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ghani, Hekmatýar parahatçylyk ylalaşygyna gol çekdiler


Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani (ç) we meýdan komandiri Gulbuddin Hekmatýar (s) parahatçylyk ugrunda ylalaşyga gol çekýärler, Kabul, 29-njy sentýabr, 2016.
Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani (ç) we meýdan komandiri Gulbuddin Hekmatýar (s) parahatçylyk ugrunda ylalaşyga gol çekýärler, Kabul, 29-njy sentýabr, 2016.

Owganystanly gazaply meýdan komandiri Gulbuddin Hekmatýar 29-njy sentýabrda prezident Aşraf Ghani bilen ylalaşyga gol çekensoň parahatçylyga çagyryş etdi.

Parahatçylyk ylalaşygyna gol çekmek üçin Kabulda prezidentiň köşgünde geçirilen dabara telewideniýede göni efirde görkezildi.

Bu dabara wideo arkaly gatnaşan “Hezb-e Islami” toparynyň sürgünlikdäki lideri Hekmatýar “regionda parahatçylygy we durnuklylygy isleýän ähli owganystanlylara” gutlag bilen ýüzlendi.

“Häzir ‘Talyban’ üçin hem urşy dowam etdirmegiň ýa-da parahatçylyga gelmegiň arasynda saýlamaga wagt geldi”, diýip Hekmatýar aýtdy.

Ylalaşyga laýyklykda Hekmatýaryň geçmişdäki hüjümleriniň amnistiýa ediljegine güwä geçilýär, şeýle-de “Hezb-e Islami” toparynyň käbir agzalarynyň türmeden boşadyljagy aýdylýar.

Şeýle-de owgan hökümeti Hekmatýara garşy halkara sanksiýalarynyň aradan aýrylmagy üçin basyş etmäge razylyk berdi. Ylalaşyk hökümetiň öz hasabyna Hekmatýaryň howpsuzlygyny üpjün etmegine degişli meseläni hem öz içine alýar.

“Hezb-e Islami” 2001-nji ýylda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara koalisiýasynyň Owganystana goşun salmagynyň yzýany amerikan we owgan goşunlaryna garşy heläkçilikli hüjümleriň ençemesini amala aşyrdy.

Kabul “Hezb-e Islami” bilen baglaşan ylalaşygynyň “Talybanyň” hem öz hüjümlerini bes edip syýasy prosese goşulmagyna itergi berjegine umyt baglaýar.

XS
SM
MD
LG